Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12 Sen
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, diýip TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek we bu ugry düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuknamalaryny täzelemek hem-de öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ätiýaçlandyryş işiniň ähmiýetini belledi. Bu ulgamyň köp wezipeleri ýerine ýetirýändigi netijesinde, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýär, ilaty durmuş taýdan goramagyň gurallaryny amala aşyrýar hem-de maýa goýumlarynyň möhüm çeşmesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň döwletiň we jemgyýetiň, raýatlaryň hem-de ýuridiki şahslaryň bähbitleri bilen baglydygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän ulag toplumynda işleri döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa häzirki wagtda ýurdumyzyň söwda deňiz flotuny giňeltmek, Hazar deňziniň gurşawyny goramak, pudagyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň söwda flotunyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, suw ulaglaryny döretmek boýunça innowasion taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe häzirki zaman gämileri satyn alyndy we ulanmaga berildi. Häzirki zaman innowasion tehnologiýalar we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň doly kuwwatynda işlemegini üpjün etmek boýunça degişli çäreler geçirilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kommunikasiýa toplumyny sanly ulgama geçirmek meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini çaltlandyrmagy talap etdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowa käýinç yglan etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň çäreleri barada hasabat berdi.

BMG-niň sebit komissiýalary, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Aziýa we Ýuwaş umman boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ägirt uly ähmiýeti bardyr. 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda bu düzümler bilen bilelikde ulag meselesine bagyşlanan ýokary derejedäki sebit gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem bu ugur boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin hukuk binýady pugtalandyrmak babatda anyk işler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 22-nji awgustynda Mejlisiň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň ulag boýunça halkara resminamalarynyň 6-syna goşulmagy hakyndaky Kararlary kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň gümrük amallarynyň ýeňilleşdirilmegi we sazlaşyklygy hakynda Halkara konwensiýa (Kiot konwensiýasy) goşulmagy hakyndaky teklibi beýan etdi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer.

Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň ulag pudagyny sanly ulgama geçirmegiň çäklerinde, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu ugurda ýurdumyzda “ASYСUDA World” utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň taslamasy durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, BMG ÖM, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy hem-de Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde “Eksport-import amallary üçin “bir penjire” atly taslamasyny tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek boýunça Ähtnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Milli Liderimiziň goldaw bermegi netijesinde, ulag diplomatiýasy sebit derejesinde-de durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 2-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri bilen geçirilen üçtaraplaýyn duşuşykda öňe süren Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (“Lapis Lazuli”) ugry boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Hususan-da, ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça üçtaraplaýyn pudagara topary döredildi. Onuň çäklerinde birnäçe degişli ugurlar boýunça iş toparlary döredildi hem-de şolaryň duşuşyklary geçirildi. Şolaryň netijesinde meýilleşdirilen işler boýunça Ýol kartasy taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şertleriniň biridigini belledi. Bu strategiki ulgamda ägirt uly kuwwata eýe bolan Türkmenistan köptaraply hyzmatdaşlygyň netijeli we özara ylalaşykly çemeleşmelerini işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn harby özgertmeleriň, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň garaşsyz döwlet hökmünde goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň esasynda Ýaragly Güýçleri häzirki zaman tehnikalary bilen enjamlaşdyrmak, harby gullukçylaryň üpjünçiligini berkitmek maksady bilen düýpli özgertmeleri amala aşyrýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, ýaşlary watansöýüjilik we mukaddes harby kasama wepalylyk ruhunda terbiýelemegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.