Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasy bilen bilelikde çäreler geçirildi
12 Sen
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasy bilen bilelikde çäreler geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasy bilen bilelikde ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň 7-9-njy sentýabry aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly okuw türgenleşigi geçirildi. «Neşe serişdeleriniň bikanun dolnyşygyna we bikanun ýollar bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreş usullary» atly tema boýunça geçirilen bu okuwa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet serhet gullugynyň we Içeri işler ministrliginiň işgärleri gatnaşdy. Üç günlük okuw Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Sibir hukuk institutynyň mugallymlary tarapyndan geçirildi.

Türgenleşigiň dowamynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy bilen baglanyşykly jenaýatlary derňemegiň aýratynlyklary, dessin-agtaryş işleri hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde maglumat tehnologiýasynyň orny ýaly temalara degişli materiallar öwrenildi.

Şeýle hem, şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» atly taslamanyň çäginde bilermenleriň sebitara duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Sebitdäki ýurtlaryň gümrük gulluklarynyň arasynda döredilen sebitara torunyň işi - üstünlikleri we kynçylyklar, ileri tutulýan ugurlar we zerurlyklar boýunça hasabatlar diňlenildi, şeýle hem Sebitara amalyň bilelikdäki konsepsiýasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanyň häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň işi bilen baglaşyşykly halkara hukunamalarynyň birnäçesine goşulyşandygyny ýatlatmagy makul hasap edýäris. Türkmenistan ilkinji bolup Merkezi Aziýanyň sebitleýin utgaşdyryjy habar beriş Merkeziniň (SARIKS) döredilmegi barada Ylalaşygy ratifisirledi. BMG-niň neşe serişdeleri boýunça komitetiniň sebitde ýeke-täk agzasy bolmak bilen Türkmenistan neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş babatynda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň işjeň hyzmatdaşy bolup durýar.