Habarlar

Milli Liderimiz welosipedli gezelenç etdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
14 Sen
Milli Liderimiz welosipedli gezelenç etdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

2020-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç güni säher bilen dag eteklerinde welosipedli gezelenç etdi we ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy, diýip TDH habar berýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini we halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan eden milli Liderimiziň bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýändigi hemmelere mälimdir.

Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygyny, dag etekleriniň ajaýyplygy we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli Aşgabadyň göze gelüwli binalaryny synlady. Bir bitewi sazlaşygy döredýän bu görnüşler Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda başy başlanan oňyn özgertmeleriň uly üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna tarap ugrady hem-de soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik we medeni merkeziniň kemala gelýän künjeginiň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz bedewi çapuw ýodasyna çykyp, ony öz erkine goýberdi. Şapolat gorgunlap barşyna aýaklaryny ýazdy. Bu görnüşler bedewiň seýsiniň ýetendiginiň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedewler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Döwlet Baştutanymyz ýolugra ata Watanymyzyň mukaddes çäklerini goraýan we gulluk borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirýän esgerleriň ýanynda saklandy. Nobatçy esger serhediň asudadygy barada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty kabul edip, serhetçileriň gullugy, dynç alyş şertleri bilen gyzyklandy. Harby gullukçylar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen serhet galasynyň döwrebap toplumynda ähli zerur şertleriň, amatly mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, munuň üçin milli Liderimize ähli serhetçileriň adyndan hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz serhetçileriň gulluga gelip, öwrenýän hünärleri, dynç alyşlary we naharlanyşy bilen gyzyklandy. Harby gullukçylar serhet galasynda beden we ruhy taýdan kämilleşmek, şol sanda sport bilen meşgullanmak üçin amatly şertleriň döredilendigini buýsanç bilen aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gullugyň sport bilen utgaşdyrylmagynyň ähmiýetini nygtap, yzygiderli bedenterbiýe maşklarynyň esgeri taplaýandygyny belledi. Bedenterbiýe we sport ýaşlar üçin aýratyn möhümdir, çünki ol şahsyýetiň kemala gelmegine kömek eder, onda durmuş endiklerini we gymmatlyklaryny ösdürýär diýip, döwlet Baştutanymyz harby gullukçylara sporty hemişelik hemra edinmeklerini sargyt etdi.

Milli Liderimiz ýolugra tebigy ösümliklerden dörän tokaý zolagynyň ýanynda saklanyp, bu ýerde bitýän ösümliklere üns berdi.

Diýarymyzda döredilýän tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek, biodürlüligi gorap saklamak milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň ähli künjekleriniň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagy şol syýasatyň diňe ylmy çemeleşmeleriň, halkara tejribesini alyşmagyň esasynda amala aşyrylýandygynyň netijesidir.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň töweregi boýunça welosipedli gezelenjiniň barşynda Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň çäginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän şypahananyň ýanyna geldi. Bu ýerde gurluşyk işleri bilen bir hatarda, şypahana gelýän gara ýoly çekmek batly depginde alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz ozal bu ýerdäki gurluşyk işleriniň barşy bilen tanşanynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe adamlaryň saglyklaryny berkitmekleri üçin bu şypahana rahat baryp-gelmeklerini üpjün etjek 22 kilometrlik täze ýoluň ýokary hilli gurulmagyny tabşyrdy.

Bu ýerde gurluşyk toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa alnyp barylýan işler, şeýle hem toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz gurluşygy dowam edýän şypahanada işler bilen tanyşlygyň barşynda, bu ýerde Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-kliniki merkezini gurmak barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň gurluş aýratynlyklary, ulanylýan bezeg serişdeleri bilen gyzyklanyp, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmalydygyny belledi. Toplumyň binagärlik keşbi ýerli tebigy aýratynlyk bilen sazlaşmalydyr hem-de bu künjegiň özboluşly tebigaty binagärlik çözgüdinde göz öňünde tutulmalydyr. Şeýle hem şypahana gelýän ýoluň gurluşygy ýokary halkara ölçeglerine doly kybap gelmelidir.

Bellenilişi ýaly, şypahana toplumy häzirki zamanyň ösen tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylar. Onda lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri ýola goýlar.

Milli Liderimiz işleriň barşy bilen tanşyp, gurluşygyň bellenilen möhletinde tamamlanmagynyň hem-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň esasy talap bolup durýandygyny belledi. Gurluşykçylar alyp barýan işlerine döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän ünsi üçin hoşallyk bildirdiler hem-de öňde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen geljekdiklerine ynandyrdylar.