Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
15 Sen
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

2020-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi, diýip TDH habar berýär.

Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş ugruny durmuşa geçirmegiň, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmagyň, öňdäki möhüm şanly senelere taýýarlygyň, şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyga ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, şonuň ýaly-da, köpsanly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Şäheriň häkimi şu günler dürli maksatly desgalarda işleriň depginini güýçlendirmek, paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerini abadanlaşdyrmak maksady bilen, degişli gulluklaryň işleriniň sazlaşykly utgaşdyrylýandygy hakynda-da hasabat berdi. Binalaryň gurluşygy ýokary depginde, iň döwrebap gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly bu ulgamdaky iň täze gazanylanlaryň esasynda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça işler guralanda, durmuş-medeni, inženerçilik-tehniki hem-de ekologiýa ugurlarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýatlaryň häkimileri sebitdäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler, bu möwsümde ulanylýan tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi barada hasabat berdiler.

Şonuň bilen birlikde, welaýatlaryň çäklerinde bina edilýän dürli maksatly desgalardaky, hususan-da, Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen binalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy we Ak öý binasynda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp Ak öý binasy baradaky taslama ünsi çekdi hem-de bu toplumyň medeni çäreleri, konsertleri we beýleki dynç alyş çärelerini hem geçirer ýaly derejede gurulmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň gerekli derejesini üpjün etmek boýunça görülýän çäreleriň, bu oba hojalyk möwsümleriniň depginini öz wagtynda artdyrmagyň zerurdygy barada aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, geljekki galla hasylynyň binýadyny goýýan ekiş möwsüminiň degişli derejede guralmagynyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu çäräniň talabalaýyk derejede hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmek üçin ekerançylaryň tohum serişdeleri bilen doly üpjün edilmegini, ekiş gurallarynyň we beýleki oba hojalyk tehnikasynyň netijeli ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle talaplaryň pagta ýygymyna-da degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleriniň bellenilen möhletde amala aşyrylmalydygyna ünsi çekip, pagta arassalaýjy kärhanalaryň we harmanhanalaryň, kombaýnlaryň hem-de beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, welaýatda güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny almak üçin ähli şertleri döretmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, sebitde bina edilýän ähli desgalaryň, ilkinji nobatda, Bitaraplygyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşykda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar bilen çykyş etdi. Öňde boljak forumy guramaçylykly geçirmek, onuň maksatnamasyny we degişli resminamalary taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň gadymy edaralarynyň biridigini belläp, onuň berkarar döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda eýeleýän ornuna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan, halkymyzyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün edýän giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri hem-de demokratik reformalary amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny, möhüm döwlet çözgütleriniň kabul edilýändigini belledi.

Milli Liderimiz şu gezekki Halk Maslahatynyň Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna gabat gelýändigini aýdyp, umumymilli forumy ýokary derejede guramak we geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sanly aragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyny jemläp, garalan meseleleriň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz möhüm wezipeleriň birnäçesini, şol sanda oba hojalygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly ulgamy netijeli peýdalanmak, tohumçylyk-seçgi işlerini geçirmek, oba hojalyk we maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, oba hojalygynda telekeçileriň ornuny işjeňleşdirmek ýaly wezipeleri kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmäge, halkymyzyň abadan, döredijilikli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.