Gümrük habarlary

Hormatly Prezidentimiziň täze eseri Berkararlyk taglymynyň aýdyň beýany
17 Sen
Hormatly Prezidentimiziň täze eseri Berkararlyk taglymynyň aýdyň beýany

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda we Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň merkezi binasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly edebi-filosofik kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çykyşlarda täze kitabyň aýratyn möhüm ähmiýeti bellenilip, türkmenleriň täze taryhy eýýamynda ruhy taýdan has-da belende göterilmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýan beýik medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmegiň, gorap saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygy baradaky oý-pikirler kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döredip, kämillik derejesine  ýetiren milli gymmatlyklaryna bagyşlap ýazan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň okyjylara gowuşmagy döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Täze eserde döwletli il bolmagyň gözbaşynda duran agzybirlik, dostluk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri, pederlerimiziň arzuwy bolan berkarar ýurt bolmak bagtynyň eşret-höziri dogrusyndaky taglymlar halk döredijiliginiň baý hazynasynyň üsti bilen aýdyňlyk bilen beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň çuň paýhasyndan dörän täze eseri on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, ynsaply bolmak, agzybirlik ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle hem kitapda paýhasly bolmagyň zerurlygy, başyna barlan işiň rowaç bolmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär. Eserde halkymyzyň döreden rowaýatlarynyň şöhratly ata-babalarymyzyň wesýeti hökmünde köpasyrlyk durmuş paýhaslary jemlenipdir.

Hormatly Prezidentimiz bu täze kitabynda halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-pikirlerini beýan etmek bilen, milli dessurlarymyza, olaryň Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, häzirki nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet beripdir. Eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler esasy orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz öz eserinde geçmişiň tejribesini geljek üçin aýap saklamagyň we ertire ýetirmegiň her birimiziň we halkymyzyň öňünde durýan borçdugyny belleýär. Çünki her bir taryhy döwrüň ruhy ýörelgelerini döretmegiň aýratynlyklary hut şunda görünýär. Milli Liderimiziň täze kitabynda tebigat we adam gatnaşyklary hakyndaky düşünje dürli wakalaryň üsti bilen giňden düşündirilýär. Şeýlelikde, kitabyň geçmiş bilen şu güni baglanyşdyrýandygyny, her bir halkyň medeniýetinde, şol sanda halkymyzyň türkmençilik ýörelgelerinde umumadamzat gymmatlyklarynyň, asylly nusgalaryň jemlenendigini görmek bolýar.

Gadymyýetden gaýdýan däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzyň durmuş tejribesinden syzylyp çykan milli ýörelgelerimiziň aýdyň beýany bolan, hormatly Prezidentimiziň giň dünýägaraýşyndan hem-de pähim-parasadyndan dörän çuňňur many-mazmunyna beslenen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” eseri halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrliklerinde, jemgyýetçilik guramalarynda we edara-kärhanalarynda hormatly Prezidentimiziň täze eseriniň tanyşdyryş dabaralary giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher galamyndan dörän bu eseri Watan ezizligini duýmaga, onuň mukaddesligine togap etmäge, pederlerden miras galan şu topragyň wepaly ogly bolmaga çagyryp, ýurt berkararlygynyň, döwlet mizemezliginiň sakasynda duran harby gullukçylar üçin aýratyn durmuş gollanmasydyr.

Goý, milli mirasymyzy, medeniýetimizi galkyndyran, halkymyzy bagtyýar zamana ýetiren, berkarar Watanymyzyň döwletlilik, asudalyk binýadynda duran hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!