Gümrük habarlary

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň ХII jildiniň tanyşdyrylyş çäresi
15 Okt
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň ХII jildiniň tanyşdyrylyş çäresi

2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edara binasynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň ХII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Milli Liderimiziň galamyndan çykan we Diýarymyzyň baý ösümlik dünýäsi, halk lukmançylygynyň gadymy ýörelgeleri bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen täze ylmy işi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp sowgat boldy.

Dabara gümrük gullugynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylda başyny başlan düýpli ylmy işiniň dowamy bolan kitabyň täze jildiniň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň hakyky ensiklopediýasyna öwrülen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaby soňky ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzyň lukmanlary we derman senagatynyň işgärleri üçin däl, eýsem, dünýäniň köp halklarynyň diline terjime edilmegi arkaly öwrenmek mümkinçiligi bolan köp sanly daşary ýurtlaryň hünärmenleri üçin fitoterapiýa boýunça ähmiýetli gollanma öwrüldi.

Täze neşiriň sahypalarynda ýerli dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik aýratynlyklary, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmak bilen baglanyşykly meseleler jikme-jik beýan edilýär.

Gündogar lukmançylygyny esaslandyran görnükli alymlaryň, şeýle hem halk tebipleriniň lukmançylyk babatda oňyn tejribeleriniň nesilden-nesle geçirilişiniň, tebigy ösümlikleri giňden ulanmagyň serişdeleriniň ajaýyp ylmy işiň özenini düzýändigi bellärliklidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dermanlyk ösümlikleri öwrenmek işine ömrüniň köp ýyllaryny bagyş etdi.

Häzirki döwürde käbir dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik ähmiýeti resmi ylmy lukmançylykda ykrar edildi. Bu şeýle-de bolmaly, çünki her bir janly ýaşaýyş ösümlik dünýäsi bilen berk baglanyşyklydyr.

Dabara gatnaşyjylar mazmuny we ähmiýeti boýunça gymmatly hasaplanylýan bu kitabyň ösümlikleriň hem-de türkmen topragynda bitýän dermanlyk serişdeleriň ajaýyplygyny açyp görkezmekde ähmiýetlidigini nygtadylar. Tebigy ösümlikler köp ýüzýyllyklaryň dowamynda dürli keselleri bejermekde möhüm serişde bolup hyzmat edipdir.

Döwlet Baştutanymyz etraplaşdyrylan we ýabany ösümlikler bilen okyjylary ylmy nukdaýnazardan tanyşdyrýar. Kitabyň sahypalarynda şolaryň suratlary, maglumatlar, biologiki aýratynlyklary, ýaýran ýerleri, tebigy gorlary, dermanlyk serişdeleri, himiki düzümi, ulanylyşy, taýýarlamagyň we peýdalanmagyň usullary takyk tertipnama esasynda görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli ylmy işiniň nobatdaky jildi hem ozalky jiltleri ýaly köpçülikleýin nusgadadyr. Diýarymyzyň ajaýyp ýerleriniň owadan suratlary, ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügi we dermanlyk serişdeleri ýygnamagyň senenamasy kitabyň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi we ýeten derejesi hakynda beýan edilýän maglumatlar okyjynyň ünsüni milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmelere çekýär.

Hünärmenler täze neşiriň çuňňur öwrenilmeginiň we wagyz edilmeginiň wajypdygyny nygtap, ösümlikler we olaryň bejeriş aýratynlyklary hakynda ylmy maglumatlary özünde jemleýän bu kitabyň giň okyjylar köpçüligine gürrüňsiz gyzykly boljakdygyny we ähli adamlar üçin ýakyn maslahatça öwrüljekdigini bellediler.