Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
16 Okt
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, diýip TDH habar berýär.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, söhbetdeşlikde däp bolan, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak hem-de asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy gatnaşyklar ýörelgelerine esaslanýan dostluky döwletara hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Ram Nath Kowinde tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň ugry boýunça hem işjeň hyzmatdaşlyk edýändiklerini nygtady. Abraýly sebit we ählumumy möçberdäki guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän netijeli teklipleriň özara goldanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň özüniň Bitaraplyk derejesini we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge hem-de durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Hindistana minnetdardygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda öz beýanyny tapýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, energetika ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek boýunça özara gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler ýurdumyzyň senagatlaşdyrmaga alan ugruny nazara almak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdylar.

Öz tarapyndan, Türkmenistan maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilende, hindi kompaniýalaryna goldaw bermäge taýýardyr hem-de olary oba hojalygy, himiýa, derman senagaty, ýeňil senagat, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini çykarmak ýaly ulgamlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek mümkinçiligine garamaga çagyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ram Nath Kowind soňky onýyllyklarda dünýä bileleşigi üçin örän uly wehime öwrülen koronawirus pandemiýasy baradaky meselä hem degip geçdiler.

Milli Liderimiz COVID-19-yň giňden ýaýramagynyň ähli ýurtlar üçin uly howp döredýändigini hem-de bitewülige, raýdaşlyga we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze çemeleşmelere esaslanýan toplumlaýyn çäreleri talap edýändigini belläp, özara goldawyň hem-de umumy tagallalary birleşdirmegiň koronawirus ýokanjyna garşy göreşde üstünlikleriň gazanylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşler şeýle hem türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmekde, uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlara hem-de gepleşiklere möhüm ornuň degişlidigini bellediler.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hindistany hakyky dost we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtap, dostlukly döwletiň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ram Nath Kowind taraplaryň ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.