Habarlar

Söwda-ykdysady ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň derwaýyslygy
16 Okt
Söwda-ykdysady ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň derwaýyslygy

2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň VI mejlisi göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Gurbanow, hytaý tarapyna bolsa HHR-iň Söwda ministriniň orunbasary we Hytaýyň halkara söwda gepleşiklerindäki wekiliniň orunbasary Ýuý Sziýanhua wekilçilik etdiler.  

Şu formatda ilkinji gezek geçirilýän duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň strategiki hyzmatdaşlygyna esaslanýan ikitaraplaýyn özara hereketleriň giň toplumyna seredip geçdiler. Hususan-da, Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň degişli pudaklarynyň wekilleriniň geljekki duşuşyklary üçin onlaýn-platformalarynyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda, özara gyzyklanma döredýän beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryň giňeldilmegi hem-de çuňlaşdyrylmagy boýunça pikirler alyşyldy.    

Bu ugurda, ulag, söwda, energetika, gurluşyk materiallary, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy ýaly pudaklar, şeýle-de telekommunikasiýa hem-de öňdebaryjy maglumat tehnologiýalary, sanly söwda ulgamlary ikitaraplaýyn özara hereketleriň geljegi uly ugurlary hökmünde bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Hytaý Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda öňdebaryjylygy eýeläp gelýär we bu ilkinji nobatda Türkmenistandaky durnukly makroykdysady ýagdaýlar, şol sanda oňaýly maýa goýum şertleri bilen şertlendirilen bolup durýandyr. 

Taraplar şeýle hem iki ýurduň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly özara haryt dolanşygynyň göwrüminiň artdyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler. Bu babatda Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet hem-de hususy pudagynyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine özara gyzyklanma bildirildi, çünki ol hyzmatdaşlygyň giň toplumynyň has hem giňeldilmegine itergi berer.    

Mejlise gatnaşyjylar durmuş-ykdysady täsirleriniň azaldylmagynda hem-de pandemiýa bilen bagly bolan ugurdaş meseleleriň çözülmeginde halkara jemgyýetçiliginiň umumy tagallalaryny we hereketleriniň utgaşyklylygyny talap edýän dünýädäki koronawirus ýagdaýlary babatynda hem pikirleri alyşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň VII mejlisiniň geçiriljek wagtyny we ýerini teswirnama laýyklykda kesgitlemek babatynda ylalaşdylar.

Geçirilen gepleşikleriň ahyrynda Mejlisiň degişli teswirnamasyna gol çekildi.