Gümrük habarlary

Karbamidiň eksporty birsyhly artýar
16 Okt
Karbamidiň eksporty birsyhly artýar

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli düýpli özgertmeler, ykdysadyýetimiziň ösüşi üçin kesgitlenen ynamly ugur hem-de galyberse-de eziz Diýarymyzyň baý tebigy gorlary ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şoňa görä-de ähli pudaklar bilen bir hatarda gaz-himiýa pudagy hem okgunly ösýär. Ýurdumyzda üstünlikli hereket edýän degişli kärhanalardyr önüm öndürijiler indi öz önümlerini daşary ýurt bazarlaryna hem ýerleýär.

Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Tejenkarbamid»  kärhanasy ýurdumyzyň oba-senagat pudagynyň azot dökünlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, himiýa önümlerini has takygy, karbamidi daşary ýurtlara uly möçberde eksport edýär. 

Soňky birnäçe wagtda Ahal welaýat gümrükhanasynyň iş çäginde resmileşdirilen gümrük resminamalaryna laýyklykda “Tejenkarbamid”  kärhanasynyň önümleriniň eksporty birsyhly artýar. Türkmen karbamidi esasan Owganystan Yslam Respublikasy, Türkiýe, Özbegistan Respublikasy, Hindistan ýaly döwletlere iberilýär. 

Ahal welaýat gümrükhanasynyň işgärleri öz ornunda ýurdumyzyň ykdysady bähbitleriniň goragy babatda öňde duran wezipäni doly düşünip, bu ugurda gümrük işini guramakda häzirki zaman usullaryny öwrenip, olary durmuşa geçirmekde yzygiderli işleri alyp barýarlar.