Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17 Okt
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, diýip TDH habar berýär.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Ol ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek maksady bilen, gözegçilik edýän edaralarynda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, ýurdumyzyň karz berýän edaralary tarapyndan ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gündelik sarp edilýän harytlary satyn alnanda raýatlaryň maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek üçin, her bir raýatyň ýüztutmasy esasynda onuň aýlyk zähmet hakynyň 40 göteriminden üç essesine çenli möçberde gysga möhletli karzlary resmileşdirmegi tizleşdirmek maksady bilen, kiçi möçberli karzlar üçin “Owerdraft karty” atly täze bank kartyny işe girizmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata hödürlenilýän, şol sanda Internet ulgamynyň we ykjam aragatnaşygyň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işlere kanagatlanma bildirip, “Owerdraft karty” atly täze bank kartynyň nusgalaryny makullady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan möhüm wezipelere, şol sanda onuň senagat, ylmy-tehniki we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltme, daşary ýurt maýasyny çekmek baradaky wezipelere ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler hem-de möwsümleýin meýdan işleriniň depginlerini güýçlendirmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we Aşgabat şäherini has-da abadanlaşdyrmak hem-de öňde boljak uly baýrama—Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabyşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, şäher gurşawyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň Baş meýilnamasyna laýyklykda, ýol-ulag düzümi kämilleşdirilýär, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň daşky keşbini gowulandyrmak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek, durmuş-medeni we beýleki maksatly täze möhüm desgalaryň gurluşygy boýunça işler güýçli depginde dowam edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň iri möçberli maksatnamalaryny amala aşyrmakda ilatyň durmuşynyň mynasyp şertlerini üpjün etmäge, paýtagtymyzy, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmaga aýratyn orun berilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere soňky ýyllarda ägirt uly üstünliklerimiziň esasy alamatyna hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlarynyň nyşanyna öwrülen depginli ösýän häzirki zaman Aşgabadyň keşbini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan ähli işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag-kommunikasiýa toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek hem-de pudagy mundan beýläk-de sanly ulgama geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgama geçmegiň döwrüň zerurlygydygyny hem-de ähli işleri ýokary derejede guramaga we amala aşyrylýan işleriň netijeliligine hem-de hiline gözegçilik etmäge ýardam edýän netijeli dolandyryş guralydygyny aýtdy.

Milli Liderimiz kommunikasion toplumyň sanly ulgamyny ösdürmek meselesi barada durup geçip, ýurdumyzyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda giň gerimli kommunikasion ulgamy döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň tutuş toplumyny durmuşa geçirmäge girişendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz pudagy sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisini açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, milli Liderimiziň sanly ykdysadyýeti ähli ugurlarda giň gerim bilen ornaşdyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, şeýle hem “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde wirtual serginiň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual diwarlyklar, şeýle hem umumy elýeterli elektron serişdeler arkaly görkezilmegi adamlara çäk taýdan uzak aralykda ýerleşmegine garamazdan, olara gyzyklandyrýan maglumatlaryny gije-gündiziň dowamynda almagyna mümkinçilik berer. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň saýtlarynda elektron poçtanyň salgylaryny, telefon belgilerini we beýleki salgylanmalary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.

Hasyl toýy, Türkmenistanyň milli pulunyň -- manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, maslahatlary, sergileri we döredijilik duşuşyklaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, wideoaragatnaşygyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly birnäçe çäreler guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu baýramçylyk çäreleriniň we medeni-köpçülikleýin dabaralaryň hem-de täze desgalaryň açylyşy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de baky Bitaraplygymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny belläp, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berip, «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny» tassyklamak hakyndaky» kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny» tassyklamak hakyndaky» karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de kesgitlenen ähli wezipeleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak barada degişli görkezmeleri berdi.

Döwletimiziň UNESKO bilen hyzmatdaşlygyny dowam etmek üçin häzirki wagtda 2021-2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler Meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy, ony ady agzalan gurama ibermek hem-de oktýabr aýynyň ikinji ýarymynda UNESKO-nyň hünärmenleri bilen degişli maslahatlaşmalary geçirmek teklip edilýär.

Milli Liderimiz beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna UNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi. Şunda türkmen halkynyň baý taryhy – medeni mirasyny dünýä ýaýmak boýunça maksada gönükdirilen işleri dowam etmegiň möhümdigi bellenildi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan konstitusion özgertmelere laýyklykda hem-de dünýäniň kanun çykaryjylyk tejribesini nazara almak bilen, Türkmenistanyň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Şu ýylyň 24-nji oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky on ikinji maslahatyna taýýarlyk görülýär, onda “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de beýleki kanunçylyk namalarynyň birnäçesine seretmek meýilleşdirilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa söz berildi. Ol gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan toplumlaýyn harby özgertmelerini durmuşa geçirmegiň barşy, harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan taýýarlanylan “2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçjek geljek ýyl üçin teklip edilýän nyşanlaryň şekil taslamalaryny hödürledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nyşanlaryň şekil taslamalaryna garap, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde agza döwletleriň “2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» Kararnamasyny biragyzdan kabul etmeginiň ýurdumyzyň nobatdaky başlangyjynyň örän wajypdygyna şaýatlyk edýändigini belledi.

Häzirki wagtda parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin örän zerurdyr, şoňa görä-de, biri-birinden aýrylmaz bu iki düşünje hyzmatdaşlygyň we ösüşiň esasy şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ählumumy howpsuzlyk we dünýäniň ähli halklarynyň rowaçlygy, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy gymmatlyklar hem-de dostluk – bularyň ählisi umumy ykrar edilen Bitarap daşary syýasy derejesine eýe bolan Garaşsyz türkmen döwletiniň strategiýasynyň esasy ugurlarydyr.

Milli Liderimiz hödürlenen nyşanlaryň şekil taslamalary babatda birnäçe öwüt-nesihatlaryny aýdyp, bu nyşany has-da kämilleşdirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.