Gümrük habarlary

Üstünlikli geçen futbol duşuşygy
16 Noý
Üstünlikli geçen futbol duşuşygy

Häzirki wagtda Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň arasynda geçirilýän sport ýaryşlary örän gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramyçylygy mynasybetli badalga berilen bu bäsleşik sportyň kiçi futbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň futbol toparlarynyň arasynda ilkinji duşuşyk geçirildi. Bije esasynda geçirilen bu duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hasabyna utuş bilen tamamlandy. 

Häzirki wagtda çekeleşikli dowam edýän bu sport bäsleşigi uly ruhubelentlige beslenýär. Meýilnama esasynda geçirilýän ýaryşlaryň kiçi futbol boýunça harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň arasynda jemleýji tapgyry şu ýylyň 9-njy dekabrynda geçiriler.