Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletiniň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
19 Noý
Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletiniň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy

2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini, şeýle hem sebit we halkara gurluşynyň çäklerinde özara konstruktiw gatnaşyklaryny kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryna seretdiler. Iki ýurduň sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerinde, hususan-da, parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmakda halkara tagallalaryndaky garaýyşlarynyň meňzeşligi bellendi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik katar tarapynyň başlangyjy esasynda geçirildi.