Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
20 Noý
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy, diýip TDH habar berýär.

Mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine seredildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Ol maliýe hasabatlylygy boýunça kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda edara-kärhanalaryň, döwlete dahylsyz taraplaryň pudagara gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler yzygiderli dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermek, kadalaşdyrmak we sagdynlaşdyrmak, olaryň tölege ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, algy-bergileriň hasaplaşygyny geçirmegiň tertibine üýtgetmeleri girizmek arkaly býujete tölemeli salgytlar we ýygymlar bilen birlikde, jerimeler, puşmana tölegleri babatda hem özara hasaplaşygy geçirmek baradaky teklibi hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň hödürlän teklibini makullap, degişli resminamalary taýýarlamagy hem-de olary ygtyýarly edaralar bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň 23-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly sekizinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew önümçilik we durmuş-medeni maksatly birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyň taslamasyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylara wise-premýer Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygynda ýylyň ahyryna çenli gurulýan desgalary düýpli seljermegi tabşyrdy. Şolaryň arasyndan özboluşly desgalaryň birnäçesini saýlap alyp, olary geljek ýyl ulanmaga bermegiň tertibine goşmaly we Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisiniň garamagyna hödürlemeli.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Halkara forumy 24-25-nji noýabrda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirmek meýilleşdirilýär, oňa ýurdumyzdan hem-de daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň we işewürleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda hem-de Täze ýyl baýramyny garşylamak bilen bagly içerki bazaryň üpjünçiligini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen taýýarlanan nyşanlaryň teklip edilýän taslama görnüşleri barada, şeýle hem Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli guraljak medeni çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» işlenip taýýarlanylmagy babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Şol taslama ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we hünär öwretmek, häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilime, öňdebaryjy tejribä daýanyp, bilim ulgamyny innowasion taýdan ösdürmek, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we hemmetaraplaýyn goldamak barada milli Liderimiziň öňde goýýan möhüm wezipelerinden ugur alnyp taýýarlanyldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde göni aragatnaşyk arkaly oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak we bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, ony has-da abadanlaşdyrmak, gyş paslyna taýýarlamak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabadyň ýylyň sowuk döwrüne doly derejede taýýarlygyny üpjün etmegiň, ýyladyş ulgamlarynyň, umuman, şäheriň inženerçilik-tehniki düzüminiň kadaly ulanylmagynyň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzda häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek, Halk Maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany amala aşyrmak bilen baglylykda, milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek babatda parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp barýan işleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan toplumlaýyn harby özgertmelerini amala aşyrmagyň barşy, harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine we maksatlaryna üýtgewsiz eýermegiň möhümdigini belledi. Onda parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýan berkarar Watanymyzyň serhetleriniň howpsuzlygyny we mizemezligini üpjün etmegiň strategik esaslary kesgitlenildi.

Milli Liderimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda düzgün-nyzamyň we harby tertibiň berjaý edilmegini, şeýle hem ýaş harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.