Gümrük habarlary

Türkmen plastmas we polietilen önümleri dünýä bazaryna çykarylýar
21 Noý
Türkmen plastmas we polietilen önümleri dünýä bazaryna çykarylýar

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, Ahal welaýatynyň senagat pudagynyň düýpli diwersifikasiýalaşdyrmagyny gazanmak, sebitinde häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan önümçilikleri hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksatnamasyndan ugur alyp «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti öz ýurdymyzda öndürilýän çig malyndan hojalyk harytlaryna degişli bolan özüniň ýokary hilli plastmas we polietilen önümlerini öndürip kärhananyň agzybir işgärleri bilen halal zähmet çekip gelýär.

Kärhananyň esasy maksady ýurdymyzyň içerki bazaryny özüniň ýokary hilli hojalyk harytlaryna degişli bolan önümleri bilen doly üpjün etmekden we daşary bazarlara ýagny, daşary döwletlere eksport etmek üçin polipropilenden we politilenden öndürilýän plastmas we politilen önümlerini öndürmekden ybarat bolup durýar.

Häzirki wagtda plastmas önümlerini öndürýän “Türkmen şöhle” kärhanasy çaga oýunjaklaryny, plastmas gaplaryny, hojalyk harytlaryny we plastik mebellerini satyn alyjylara hödürleýär. Harytlaryň görnüşleri müşderleriň islegine laýyk ýerine ýetirilýär we hemişe täzelenip durýar.

Haryt tapgyrlary esasan Owganystan Yslam Respublikasyna, Belarus, Gazagystan, Özbegistan Respublikasyna we Russiýa Federasiýasyna eksport edilýär.