Habar

2022-nji ýylyň 20-nji aprelinden Türkmenistanyň Gümrük kodeksine girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler güýje girýär.  «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny şu ýylyň 16-njy aprelinde geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisinde biragyzdan makullanyldy.

Kodekse girizilen üýtgetmeler esasan gümrük işinde maglumat ulgamyny we maglumatlar tehnologiýasyny ösdürmek hem-de olary ulanmagyň hukuk esasyny döretmek maksadyna gönükdirilendir. Olarda maglumat ulgamlarynyň we maglumat tehnologiýalarynyň, şol sanda maglumat alyş-çalşyň elektron usuly esasynda işlenilip taýýarlanylmagyny, döredilmegini we ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Hasaplaýyş tehnikalaryny we aragatnaşyk serişdelerini ulanmak bilen, maglumat ulgamlarynyň we maglumat tehnologiýalarynyň işe ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet standartlaryna, Türkmenistanda bellige alnan halkara we döwletara standartlara laýyklykda amala aşyrylar. Bu kadalar harytlaryň gümrük taýdan resmileşdiriliş işini birnäçe esse ýeňilleşdirer we şol bir wagtda Daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň gümrük edaralaryna berilýän zerur resminamalary ýygnamak we tabşyrmak bilen baglanyşykly çykdajylary azaldar.

Mundan başga-da, Gümrük kodeksine harytlar we ulag serişdeleri barada gümrük edarasyna deslapky maglumaty bermek amalynyň ulanylmagy bilen baglanyşykly täze kadalar hem girizildi. Ýagny, daşaýja ýa-da başga dahylly şahsa harytlar we ulag serişdeleri barada deslapky maglumaty olar Türkmenistanyň gümrük çägine hakykatda gelmezinden öň gümrük edarasyna bermäge hukuk berilýär. Bu amaly girizmegiň esasy maksady harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek işini çaltlaşdyrmak bolup durýar.

Şeýle-de, Kodekse harytlar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilen mahalynda gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň berjaý edilmegi we harytlary wagtlaýyn saklamagyň tertibi bilen baglanyşykly täze kadalar girizildi.