Habar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Islandiýanyň Prezidenti Gwýudni Ýouhannessona hem-de ýurduň ähli halkyna milli baýram — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gwýudni Ýouhannessona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Islandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.