Gümrük habarlary

Gümrükçileriň hünär taýýarlygy
6 Ýan
Gümrükçileriň hünär taýýarlygy

     Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy işe kabul edilýän ýaş hünärmenlere hünär taýýarlygyny geçmek meselesine aýratyn ähmiýet berýär. Gümrük edaralary üçin ýokary düzgün-nyzamly, ökde hünärli, ylmyň iň soňky gazanan tehnikalaryndan oňat baş çykarýan, kämil gümrük işgärlerini taýýarlamaga gönükdirilen wezipeler Gullugyň ýanyndaky Okuw merkezinde üstünlikli ýerine ýetirilýär.  Bu ýerde hünär taýýarlygyny geçen ýaş hünärmenler işe ugrukdyrylýar.

     Häzirki wagtda hem işe kabul edilen ýaşlaryň 29-sy hünär okuwyny geçýär. Bu okuw kursy 2 aý dowam edýär.Okuw kursunyň dowamynda harby gullukçylara watançylyk temasy, döwletimiziň syýasatynyň esasy ugurlary, harby tälim we nyzam taýýarlygy, gümrük işiniň dürli  ugurlary boýunça okuw sapaklary geçilýär. Okuw sapaklary medeni we sport çäreleri bilen utgaşdyrylýar. Okuw kursunyň dowamynda ýaş harby gullukçylarymyz Gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň hünär endiklerini ele alýarlar.

   Okuw sapaklary interaktiw tagtalar, proýektorlar we kompýuterler bilen üpjün edilen otaglarda geçilýär. Harby tälim we nyzam taýýarlygy boýunça okuwlar Okuw merkeziniň çägindäki ýörite meýdançada alnyp barylýar.  Okuw sapaklary medeni we sport çäreleri bilen utgaşdyrylýar.Mundan başga-da, okuw merkezinde gümrük işiniň dürli ugurlary boýunça hünär kämilleşdiriş okuw kurslarynyň hem yzygiderli gurnalýandygyny bellemek gerek.