Habarlar

Birža täzelikleri
9 Ýan
Birža täzelikleri

     Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy. 

    Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden,Owganystandan gelen işewürlere daşary ýurt puluna azyklyk däne, pagta süýümi, boýalan tüýjümek önümler satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 548 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 157 müň manatlyk azyklyk däne satyn aldylar.