Habarlar

Türkmenistanda Aziada 2017-niň hormatyna köpçülikleýin maşklar geçirildi
11 Ýan
Türkmenistanda Aziada 2017-niň hormatyna köpçülikleýin maşklar geçirildi



     2017-nji ýylyň 10-njy ýanwary. Ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we edaralarynyň we kärhanalarynyň, şol sanda Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýerlerde önümçilik maşklaryny ýerine ýetirdiler. Bu iri möçberli çäre şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hem-de häzirki wagtda ýarpy ýoluny geçen we ýaryşlaryň başlanmagyna galan 250 güni sanap başlan atly ýörişe gabatlanyp geçirildi.

     Önümçilik maşklary Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary tarapyndan ýokary ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilldi.