Habar

Düýn tutuş ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň möçberli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Şanly senäniň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynda” ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen döredijilik agşamyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde geçirilýän giň möçberli döredijilik baýramçylygy şanly wakalara, milli medeniýetimiziň köpugurly mümkinçiliklere eýedigini görkezýän pursatlara baý boldy. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna gönükdirilen dürli görnüşli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Döredijilik forumynyň maksatnamasy many-mazmuna baý boldy. Bu baýramçylyk hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine hem-de döredijilik zehinlerini ösdürmek üçin alnyp barylýan ägirt uly işleriň oňyn netijeleriniň beýanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda saklandy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi mähirli garşy aldylar.

Hormatly Prezidentimizi berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalary uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Arkadagly Serdarymyz çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly baýramçylyk bilen gutlady.

Baýramçylyk äheňinde guralan sahnada köp sanly döredijilik çykyşlary, joşgunly aýdym-sazlary özünde jemleýän konsert köpöwüşginliligi hem-de täsirli pursatlara baýlygy bilen tapawutlandy. Watanymyzda giňden dabaralandyrylýan şanly sene medeni çäreler bilen utgaşyp, ýokary çeperçilige eýe bolan, täze ýeňişlere ruhlandyrýan aýdym-sazly çykyşlar belentden ýaňlandy.

Baýramçylyk konsertine gatnaşyjylar halkymyzyň şöhratly taryhynyň, baý medeniýetiniň, maddy we ruhy mirasynyň hem-de häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleriň senasyna öwrülen aýdym-sazly çykyşlary uly üns bilen diňlediler.

Konsertiň dowamynda häzirki zaman sungat eserleri, yşky-liriki aýdymlar, milli şahyrana we nusgawy saz eserleri belentden ýaňlandy. Şunda türkmen topragyny, tebigy gözelliklerimizi, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleri wasp edýän aýdym-sazlar has-da täsirli boldy. Çeper döredijiligiň, milli sungatyň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň döreden aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi konsertiň şowhunyny belende göterdi. Konserte gatnaşyjylar hormatly Arkadagymyzyň aýdymlaryndan täsirlenip, bagşy-sazandalaryň çykyşlaryny dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar we olara bu sungat eserlerini ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirendikleri üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Konsertde hormatly Arkadagymyzyň döreden “Leýlisaç barada rowaýat”, “Ak güllerim saňa”, “Ýadymda”, “Bagt nury” diýen aýdymlary tomaşaçylar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy. Tomaşaçylaryň el çarpyşmalary Gahryman Arkadagymyzyň zehininden kemal tapan ajaýyp saz eserlerine bildirilýän hormat-sarpany we täsirli aýdymlara mizemez buýsanjy alamatlandyrdy. Bu aýdymlar ýaňlananda, tomaşaçylaryň kalbyny joşgunly duýgular gurşap aldy. Olar nurana arzuwlara, päk söýginiň wysal bolmagyna, geljege bolan ýagşy umytlara bagyşlandy.

Tomaşaçylar ajaýyp aýdymlary we sazlary bilen halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýandygy üçin hormatly Arkadagymyza hem-de beýik başlangyçlary mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Asylly däbe görä, sungat ussatlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli belent ruha beslenen aýdym-sazlary özünde jemleýän medeni maksatnamany taýýarladylar. Onda meşhur estrada aýdymçylarynyň, tans we folklor toparlarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Şunda nusgawy eserler bilen häzirki zaman aýdymlarynyň, joşgunly estrada we tans çykyşlarynyň sazlaşygy emele geldi. Bu bolsa baýramçylyk konsertini many-mazmun taýdan baýlaşdyryp, ähmiýetini has-da artdyrdy.

Konsert meşhur sazandalaryň, estrada aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň täsirli çykyşlary bilen dowam etdi. Şeýle-de bu ýerde mähriban Watanymyzyň üstünliklerini, onuň tebigy gözelligini, berkararlygyny wasp edýän täze aýdymlar ýaňlandy. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işlere çuňňur hoşallygyň alamatyna öwrüldi. Ýaňlanan aýdym-sazlar Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy esasynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler barada gürrüň berýän wideoşekiller bilen utgaşdy. Munuň özi konserte özboluşly öwüşgin çaýdy. Bu ýerde çykyş eden sungat ussatlary we ýaş artistler ýakymly owazlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, ýurdumyzyň häzirki wagtda ýeten derejesini, Watana çäksiz söýgini wasp etdiler.

Konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren “Alkyşnama” aýdymy häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işlere, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmelere, döwletimizde nurana arzuwlaryň amala aşmasyna özboluşly alkyş bolup ýaňlandy.

Soňra baýramçylyk konsertine gatnaşan hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri uly dabaralara, giň möçberli çärelere beslenen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolan we milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň uly dabaralara beslenmeginiň ýurdumyzyň durmuşynyň her bir pursadynyň rowaçlyklara utgaşýandygynyň beýanydygyny belledi. Şunda medeniýet we sungat işgärlerine aýratyn orun degişlidir. Olaryň döredijiliginiň has-da ösmegi, täze zehinleriň ýüze çykmagy hem-de bu ýörelgeleriň höweslendirilmegi ugrunda döwletimiz yzygiderli alada eder diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we hemmeleri ýene-de bir gezek baýramçylyk bilen gutlady. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag sözleri bagşylaryň we sazandalaryň joşgunly owazy bilen utgaşyp, baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da belende göterdi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen döredijilik agşamy milli baýramçylyklara mahsus äheňdäki şüweleň bilen dowam etdi. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmagy esasynda dürli yşyklardan älemgoşar öwüşginli şekiller döredi. Bu bolsa dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýokary ruhubelentlige beslenen ajaýyp çykyşlar üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, belent owazly aýdymdyr sazlaryň taryhyň bütin dowamynda toý-baýramlaryň bezegine öwrülendigini, şol asylly ýörelgeleriň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyp, dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.