Habar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçilerine nah ýüplük, tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 800 müň dollaryna barabar boldy.

Manat serişdelerine BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplük hem-de pagta soapstogynyň çig ýag turşulygyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 3 million 877 müň manatdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 47 million 649 müň manatdan gowrak bolan, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar.