Gümrük habarlary

Hasabat ýygnanyşygy
4 Few
Hasabat ýygnanyşygy



    2017-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda geçirilen ýygnanyşykda 2017-nji ýylyň birinji aýynda gümrük edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

    Ýygnanyşygyň çäklerinde ýygnaga gatnaşyjylaryň hasabatlary diňlenildi. Olar ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan ugur almak bilen, mundan beýläk hem ähli gümrük edaralarynda düzgün-nyzamy berk berjaý etmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly anyk wezipeleri kesgitledi.

    Şeýle hem, ýygnanyşygyň barşynda hasabat aýynda işinde oňat netijeleri görkezen harby gullukçylar Hormat hatlary bilen sylaglandy.