Habar

         26-njy iýulyndan 28-nji iýul aralygynda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy Aşgabatda Türkmenistanyň serhet, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça milli okuw maslahatyny geçirdi. Şeýle hem, okuw maslahaty döwlet serhedindäki barlag nokatlarynda serhet we gümrük gözegçiligini optimizirlemeginiň usullaryna seredildi. Okuw maslahatynda serhet, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň merkezi müdürliklerinden we barlag nokatlaryndan proseduralara jogapkär serhet postlarynyň işgärlerine Ýewropa Bileleşiginiň öňdebaryjy tejribesine esaslanýan dürli modeller we iş utgaşdyryş usullary bilen tanyşdyryldy. Gatnaşanlara döwlet serhedinden adamlar, ulaglar, ýükler we harytlar geçende iň amatly gözegçilik usullaryny ulanmak boýunça teklipler berildi. Hünärmenler, şeýlede, ýol gözegçilik nokatlarynda barlag nokatlaryny guramak üçin tehnologiki shemalaryny uýgunlaşdyrmak üçin çözgütleri we serhet we gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrýan gözleg amallaryny amala aşyrmak üçin hünärmenler öz meýilnamalaryny teklip etdiler.