Habarlar

Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba dag depesine alpinistler “Aziada – 2017-niň” nyşanyny çykarar
15 Few
Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba dag depesine alpinistler “Aziada – 2017-niň” nyşanyny çykarar

   Ýurdumyzyň gündogarynda, Lebap welaýatynda, Köýtendag dag toplumynyň arasynda Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba dag depesi ýerleşýär. Onuň deňiz derejesinden beýikligi 3139 metre barabardyr. Her ýylyň fewral aýynda türkmen alpinistleri ajaýyp däbe eýerip, Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli bu dag depesiniň çür başyna Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň baýdagyny dikýärler.

   Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylyň hormatyna Döwlet habarlar agentligi (TDH) hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitet “Dagyň depesine çykmak” taslamasynyň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Şu taslamanyň çäklerinde alpinistleriň bir topary ýurdumyzyň iň belent nokadyna “Aziada – 2017-niň” nyşanyny çykarar.

   Bu taslama Oýunlary, sagdyn durmuş ýörelgesiniň sporty hem-de öz ýurduňy we tutuş dünýäni has ýakyndan tanamagyň iň gyzykly usuly hökmünde jahankeşdeligi mundan beýläk-de wagyz etmäge gönükdirilendir.

   Lebap welaýatynyň häkimligi, Köýtendag döwlet goraghanasynyň ýolbaşçylary bilelikdäki çärä goldaw berýärler.

   Fewral aýynda Aýrybaba diňine çykmak köp babatda dünýäniň meşhur dag gerişlerini “boýun egdirmek” bilen deňdir. Şol dag gerişlerine çykmak, adatça, tomus möwsümini öz içine alýan alpinizm möwsüminiň iň gyzgalaňly döwründe amala aşyrylýar. Üç müň metrden gowrak belentlikde beýik dag zolagy, hiç hili ösümlik bitmeýän daşlaryň we garyň patyşalygy başlanýar. Köýtendagyň çür depesi ýurdumyzda gar gatlagynyň oktýabr aýyndan başlap, maý aýynyň ahyryna çenli saklanyp galýan ýeke-täk ýeridir. 

   Galyň gar, içiňden geçip barýan şemal, aýaz-ekspedisiýanyň agzalary hut şu kynçylyklary ýeňip geçmeli bolýarlar. Dagyň belent gerşinde hem-de onuň töwereklerinde gyşyna hemişe nol gradusdan aşakdadyr. Ýöne, bu böwetleriň öňde goýlan maksada ýetmegi üçin päsgelçilik döredip bilmejekdigine ynam bar. Çünki, topara ýurdumyzyň iň gowy alpinistleri girýär. Olar eýýäm Kawkazda, Týan-Şanda, Pamirde, 2016-njy ýylda bolsa haýran galdyryjy Gimalaýlarda dag gerişlerine üstünlikli çykmagy başardylar.

   Soňky ýyllarda Türkmenistanda alpinizm okgunly ösýär, Aşgabatda “Agama” we Balkanabatda “Mert” alpinizm klublary işleýär. Biziň alpinistlerimiz Ararat, Elbrus, Demawend, Han-Tengri daglaryna, Lenin, Akongagua diňlerine we dünýäniň beýleki meşhur gerişlerine üstünlikli çykdylar.