Habarlar

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde saýlawlaryň gutarnykly jemleri jemlenildi: Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Gurbanguly Berdimuhamedow saýlandy
15 Few
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde saýlawlaryň gutarnykly jemleri jemlenildi: Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Gurbanguly Berdimuhamedow saýlandy

   Paýtagtymyzda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň gutarnykly jemleri jemlenildi.

   Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde, milli saýlaw kanunçylygynda hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda geçirildi. Ses bermäge saýlawçylaryň 97, 28 göterimi ýa-da 3 million 163 müň 692 adam gatnaşdy. Bu görkeziji ýurdumyzyň ilatynyň raýat işjeňligine, onuň ýurdumyzda demokratik özgertmelere gatnaşmaga ymtylýandygyna şaýatlyk edýär.

   Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary we onuň bilen bagly wakalar halkara bileleşiginde hem-de dünýäniň habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi. Şol günler ýurdumyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylar topary, BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtly žurnalistler bolup saýlaw möwsüminiň barşy bilen ýerinde tanyşmaga, saýlawlaryň açyklygyna we aýanlygyna göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar.

   MST-nyň başlygy mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesine—saýlawlaryň gutarnykly jemlerini jemlemek meselesine geçmek bilen, Merkezi saýlaw toparynyň welaýat, etrap, şäher we uçastok saýlaw toparlarynyň teswirnamalaryna seredip, saýlawçylaryň sesleriniň köp sanlysyny alan Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan diýip hasaplamak hakynda Karar kabul edendigini habar berdi. Bu baradaky çözgüt ýörite Karar bilen berkidildi.

   Şeýle hem MST-nyň Karary bilen ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasynyň geçiriljek güni kesgitlenildi.