Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi
16 Few
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi

   Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň jemlerini yglan etmek üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň jemleri barada habar berdi.

   Soňra ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky raýatlaryň meseleleri we günä geçmek boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ý.Berdiýew iş kesilenleriň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

   Döwlet Baştutanymyz beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belläp, asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň iş kesilen raýatlarynyň 828-siniň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

   Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ähli deputatlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we ählihalk saýlawlarynyň ýurdumyzyň ösüşinde möhüm tapgyry alamatlandyrandygyny hem-de türkmen halkynyň saýlap alan döwlet ösüş ýoluna ygrarlydygyny tassyklandygyny nygtady.

   Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hökümet agzalarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly                    Berdimuhamedowy geçen ýekşenbe güni geçirilen ählihalk saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanmagy bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ähli ulgamlarda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

   Mejlise gatnaşyjylara aýdan gutlaglary we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz gysgaça çykyş etdi.Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ähli raýatlaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saýlaw uçastoklaryna gelip, saýlawlara gatnaşan hem-de ses beren ähli adamlara tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygyny aýtdy. Munuň özi her birimiziň raýatlyk borjumyz bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.