Habar

Azerbaýjanyň medeni paýtagty bolan Şuşa şäherinde Karabah işewürlik forumy geçiriler. Çäräni sentýabr aýynda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu foruma Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) agzalarynyň we synçy ýurtlarynyň işewürleri gatnaşarlar.

TDG-niň söwda-senagat edarasy Şuşadaky forumyň 16-njy sentýabrda geçiriljekdigi barada habar berýär.

Häzirki wagtda Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Gazagystan bu guramanyň agzalarydyr. Türkmenistan bilen Wengriýa bolsa synçy döwlet hökmünde gatnaşar.