Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministri bilen gepleşikler geçirdi
18 Sen
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministri bilen gepleşikler geçirdi

2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda, Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň arasynda duşuşyk geçirildi, diýip TDH habar berýär. Milli Liderimiz myhman bilen salamlaşyp, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Biz geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklara sarpa goýýarys hem-de olary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürmäge uly ähmiýet berýäris diýip, dö...

DOWAMY
«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» neşiriniň nobatdaky sany
18 Sen
«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» neşiriniň nobatdaky sany

?Ösüşiň täze belentliklerine tarap» neşiriniň saýlanan eserleriniň nobatdaky 13-nji jilti çapdan çykdy. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň täze taryhyna «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar bilen giren 2019-njy ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlary, ylmy makalalary, interwýulary, halkymyza ýüzlenmeleri we gutlaglary girizildi. Neşirde milli Liderimiziň amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleri, durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar, jemgyýetiň syýasy ulgamyndaky maksatnamalar, ykdysadyýetiň depginli ösüşi, durmuş syýasatynyň berjaý edilişi, ylym-bilim ulg...

DOWAMY
Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky türkmen-saud geňeşmeleri geçirildi
18 Sen
Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky türkmen-saud geňeşmeleri geçirildi

2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildiб diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Feýsal Bin Farhan Al-Saud ýolbaşçylyk etdiler. Söhbetdeşligiň başynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini, şonuň ýaly-da halkara we sebit ähmiýetli wajyp ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň DIM-niň ýolbaşçylary dür...

DOWAMY
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
18 Sen
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna hem-de ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagyna bagyşlanan halkara media-forum geçirildi. Çäre sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Bu halkara media-forum Türkmenistan tarapyndan Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe pudak edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplo...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
17 Sen
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Suga Ýosihide Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi, diýip TDH habar berýär. “Siziň ýolbaşçylygyňyzda Ýaponiýanyň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşlerde täze sepgitlere ýetjekdigine, şeýle hem halkara giňişliginde öz at-abraýyny has-da berkitjekdigine ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz öz hatynda nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti biziň döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini belläp, soň...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
16 Sen
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

2020-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, diýip TDH habar berýär. Milli Liderimiz Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysyny Tatarystanyň döwlet Baştutany wezipesine geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi dostlukly ýurduň ýolbaşçysynyň respublikada jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasatyna ýokary ynam bildirilýändiginiň hem-...

DOWAMY