Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitabyny ýazyp tamamlady
6 Awg
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitabyny ýazyp tamamlady

2020-nji ýylyň 5-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryna we türkmen halkynyň döreden milli ýörelgelerine bagyşlanan täze kitabyny ýazyp tamamlady, diýip TDH habar berýär. Milli Liderimiz dynç alyş pursatlarynda wagtyny işjeň we peýdaly geçirmäge, şeýle hem edebi döredijilige bagyş edýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda täze eseri döretmek halkymyzyň asylly däpleriniň dowamatlylygyny alamatlandyryp, dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan paý...

DOWAMY
Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty
6 Awg
Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty

2020-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy, diýip TDH habar berýär. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna bagyşlanan, türkmen ýangyç-energetika toplumynyň (ÝET) ösüşiniň esasy ugurlaryny we meýillerini şöhlelendirýän ýöriteleşdirilen neşirde ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynyň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlan anyk wezipeleriň nähili çözülýändigi barada gürrüň berilýär. Žurnalyň sahypalarynda esasy hünärmenleriň pikirleri, häzirki ýagdaýyň selj...

DOWAMY
«Miras» žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna garaýyşlary
5 Awg
«Miras» žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna garaýyşlary

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy, diýip TDH habar berýär. Žurnalyň täze sanynyň mazmunyny taryhçy alymlaryň we arheologlaryň, etnograflaryň we medeniýeti öwrenijileriň, dilçileriň we edebiýatçylaryň makalalary düzýär. Olar häzirki zaman ynsanperwer ylymlarynyň ösmegi üçin häsiýetli bolan umumy kanuna laýyklyklary beýan edýär. Däp bolan «Açyşlar we täze işläp düzmeler» bölüminde Magtymguly Pyragynyň döwrüni we döredijilik mirasyny ylm...

DOWAMY
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegi hökmünde polimeraza zynjyr reaksiýasy üçin lukmançylyk enjamlaryny iberer
5 Awg
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegi hökmünde polimeraza zynjyr reaksiýasy üçin lukmançylyk enjamlaryny iberer

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarynda ýardamlary hem-de halkara derejesinde hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda möhüm halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer k...

DOWAMY
Sanly Türkmenistan dünýä habarlar giňişligindäki ornuny giňeldýär
3 Awg
Sanly Türkmenistan dünýä habarlar giňişligindäki ornuny giňeldýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy, häzirki zaman iş tejribesini öwrenmegi talap edýär. Şu talaplardan hem-de milli ösüş maksatnamalarynda kesgitlenilen degişli wezipelerden ugur alnyp, döwlet durmuşyny we pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň aýgytly ugry işlenilip düzülýär. Sanlylaşdyrmak we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmak bu ugurda möhüm şert bolup durýar. Bu maksatlaýyn wezipelere laýyklykda, Daşary işler ministrligi degişli işleri alyp barmak w...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Saud Arabystanynyň Patyşasynyň telefon arkaly söhbetdeşligi
2 Awg
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Saud Arabystanynyň Patyşasynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

2020-nji ýylyň 1-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanyň Patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy, diýip TDH habar berýär. Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutanymyz Saud Arabystanyň Patyşasynyň näsaglandygy we hassahana ýerleşdirilendigi baradaky habary çuňňur gynanç hem-de biynjalyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi. «Siziň gujur-gaýratyňyzyň we berk erkiňiziň ýakyn wagtda hassalygy ýeňip, doly sagalmagyňyza ýardam etjekdigine ynanýaryn»- diýip, milli Liderimiz nygtady. “Beý...

DOWAMY