Habarlar

Küşt boýunça halkara ýaryşda gazanylan kümüş medal
28 Few
Küşt boýunça halkara ýaryşda gazanylan kümüş medal

2017-nji ýylyň 27-nji fewraly. Çehiýada on ýurduň türgenleriniň, şol sanda Türkmenistanyň toparynyň gatnaşmagynda halkara ýaryşa badalga berildi. “Rapid” (çalt küşt oýnamak) görnüşinde zenanlar toparynda ildeşimiz FIDE-niň ussady Jemal Öwezdurdyýewa tapawutlandy. Ol kümüş medala mynasyp boldy.  Ýaryş şweýsar usuly boýunça ýedi tapgyrda geçirildi. J.Öwezdurdyýewa mümkin bolan ýedi utukdan alty utuk toplamagy başardy. Bu bolsa oňa hormat münberinde ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Zenanlar toparynda ýaryşa 48 küştçiniň gatnaşandygy bellärliklidir.  Türkmenistanyň ýygyndy topary nusgawy...

DOWAMY
Türkmen karateçileriniň üstünligi
28 Few
Türkmen karateçileriniň üstünligi

2017-nji ýylyň 27-nji fewralynda Germaniýanyň paýtagtynda adaty karate boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Onda türkmen türgenleri medallaryň 5-sine — 1 altyn we 4 bürünç medala mynasyp bolup, uly üstünlik gazandylar. Ýaryşa 18 ýurtdan ýüzlerçe türgen gatnaşdy.  Biziň toparymyzyň düzüminde Jelal Satlykgulyýew hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykmagy başardy. Oňa 75 kilograma çenli agram derejesinde şahsy bäsleşiklerde taý gelen bolmady.  Bürünç medallaryň birine Diýar Hojaýew (60 kg çenli) mynasyp boldy. Bu ezber türgen halkara derejedäki iri ýaryşlarda ençeme medallaryň, şol sanda alt...

DOWAMY
Obasenagat toplumyny ösdürmekde esasy ylmy-tehnologiýa binýady hökmünde ylmy-barlag institutlarynyň orny ýokarlandyrylar
28 Few
Obasenagat toplumyny ösdürmekde esasy ylmy-tehnologiýa binýady hökmünde ylmy-barlag institutlarynyň orny ýokarlandyrylar

2017-nji ýylyň 27-nji fewralynda oba hojalyk toplumynyň meseleleri boýunça iş maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri işjeňleşdirmek baradaky talaplaryna üns berildi.  Oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak esasy meseleleriň biridir. Bu topraga ideg edilişini ýokarlandyrmagyň, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde, ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmagyň, tohumçylyk işleriniň netijeli guralmagynyň, suwdan rejeli peýdalanmagyň hasabyna gazanylmalydyr. Döwlet Baştutanymyz...

DOWAMY
 Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
28 Few
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

2017-nji ýylyň 27-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna degişli wezipelere, şeýle hem guramaçylyk meseleleri bilen baglanyşykly resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hasabatlary diňläp, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdim...

DOWAMY
Moskwada Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň onunjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi
25 Few
Moskwada Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň onunjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi

Ýurdumyzyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň barşynda 20-21-nji fewralda Moskwada geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-russiýa toparynyň nobatdaky onunjy mejlisine gatnaşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy seljerildi, olaryň geljekki ösüş ugurlary anyklaşdyryldy hem-de özara hereket etmegiň geljegi uly täze ugurlary kesgitlenildi. Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda degişli Teswirnama hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda 2017...

DOWAMY
Türkmen hokkeýçileri Ýaponiýada gyşky Aziadanyň finalyna çykdylar
25 Few
Türkmen hokkeýçileri Ýaponiýada gyşky Aziadanyň finalyna çykdylar

Türkmenistanyň ýygyndysy VIII gyşky Aziýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilýän ikinji diwizionyň hokkeý ýaryşlarynyň finalyna çykdy. Ildeşlerimiz üçünji oýunda Indoneziýanyň toparyndan hem üstün çykyp (12:2), “B” toparda öňdeligi eýelediler. Munuň özi olara yklym derejesindäki abraýly ýaryşlaryň birinji diwizionyna çykmak ugrunda göreşmäge hukuk berdi. Öňki iki oýunda Baýram Allaýarowyň şägirtleri malaýziýaly türgenlerden (9:2) hem-de Hytaýyň Makaosyndan bolan hokkeýçilerden üstün çykdylar (16:0), düýn bolsa ýoldaşlyk duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň türgenlerini ýeňmegi başardylar (13:2)...

DOWAMY