Habarlar

Türkmenistan Astanada geçiriljek “EKSPO-2017” taýýarlyk görýär
17 Apr
Türkmenistan Astanada geçiriljek “EKSPO-2017” taýýarlyk görýär

Türkmenistan “EKSPO-2017” halkara ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Sergi 10-njy iýundan 10-njy sentýabra çenli Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde “Geljegiň energiýasy” şygary astynda geçiriler.    Sergide Türkmenistanyň bölüminde Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň syýasatynyň esasy ugrunyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikler, onuň tebigy baýlyklary, durmuş ulgamynda ýeten sepgitleri, halkymyzyň medeniýeti we däp-dessurlary, Diýarymyzyň syýahatçylyk kuwwaty, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler öz beýanyny tapar.    Mundan başga-da, sergi...

DOWAMY
Temmäkä garşy göreş boýunça 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy
17 Apr
Temmäkä garşy göreş boýunça 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny, şeýle hem bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça Çäreleriň meýilnamasyny we Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.    Bu çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek pudak edaralaryna, welýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimliklerine tabşyryldy. Bellenilişi ýaly, maksatnama temmäkä garşy göreşilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine, ömrüň dowamlyly...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
12 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

2017-nji ýylyň 11-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diýego Ungarony kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.    Türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýandygy aýratyn bellenildi. Döwlet Baştutanymyz we Italiýanyň doly ygtyýarly wekili giň ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly müm...

DOWAMY
RLDP-niň ýolbaşçysy W.Žirinowskiý mähirli garşylanandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi
12 Apr
RLDP-niň ýolbaşçysy W.Žirinowskiý mähirli garşylanandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi

2017-nji ýylyň 11-nji aprelinde Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň fraksiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskiý hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat ýollap, Türkmenistanda RLDP-niň wekiliýetiniň mähirli garşylanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.    “Biziň Türkmenistanda kabul edilişimiz ýaly myhmansöýerlige we hoşniýetlilige dünýäniň başga hiç bir ýurdunda duş gelmek mümkin däl. Siz-hakyky Prezident, öz halky we ýurdunyň ösüşi barada alada edýän hakyky ýolbaşçy!    RLDP-niň wekiliýetiniň kalby Size we türkmen halkyna hormat-sarpa duýgusyndan doludyr...

DOWAMY
Aziýanyň küşt federasiýasy Türkmenistanyň Prezidentini «Ýylyň adamy» diýip atlandyrdy
8 Apr
Aziýanyň küşt federasiýasy Türkmenistanyň Prezidentini «Ýylyň adamy» diýip atlandyrdy

2017-nji ýylyň 7-nji aprelinde “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongresde hormatly Prezidentimize “Ýylyň adamy” hormatly derejesini bermek hakyndaky diplomy gowşurmak dabarasy boldy. Ony döwlet Baştutanymyza Aziýanyň küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy Şeýh Sultan Halifa Sultan Şahbut Al-Nahaýan dabaraly gowşurdy.    Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň wekillerini, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň, halkara sport federasiýalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylaryny, hormatly myhmanlary bir ýere jemlän wekilçilikli...

DOWAMY
Awazada “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongres açyldy
8 Apr
Awazada “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongres açyldy

2017-nji ýylyň 7-nji aprelinde Awazada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongres işläp başlady.    Çäräni guraýjylar - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Daşary işler ministrligi.    Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň wekillerini, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň, halkara sport federasiýalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylaryny, ho...

DOWAMY