Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyny Täze ýyl mynasybetli gutlady
2 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyny Täze ýyl mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyny Täze ýyl mynasybetli gutlap, berk jan saglyk, agzybirlik we rysgal-bereket arzuw etdi.      Gutlagda bellenilişi ýaly, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly tamamlanyp barýar. Biz il-ýurt bähbitli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde ýokary netijeler gazanylan 2016-njy ýyl bilen hoşlaşyp, ata Watanymyzy täze belentliklere çykarjak 2017-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylaýarys.       «Men ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alýan 2017-nji ýylymyzyň hem uly ösüşleriň, ruhubelen...

DOWAMY
Goý, her bir maşgalada bagtyýarlyk bolsun, goý, ýurdumyz bagtyýarlykdan dolsun!
2 Ýan
Goý, her bir maşgalada bagtyýarlyk bolsun, goý, ýurdumyz bagtyýarlykdan dolsun!

Täze, 2017-nji ýylyň ilkinji minutlarynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ýene-de bir körpeje türkmenistanly dünýä indi. Ol Türkmenistanda ýetip gelen ýylda doglan ilkinji çaga boldy.     Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan täze doglan çaganyň ene-atasyna sowgat gowşuryldy hem-de çaganyň dogulmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglar, bagtyýar durmuş, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlar ýetirildi.

DOWAMY
Türkmen halkynyň täze ýyl arzuwlary ruhubelentlige we ynama beslenýär
2 Ýan
Türkmen halkynyň täze ýyl arzuwlary ruhubelentlige we ynama beslenýär

Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň nyşany astynda geçen 2016-njy ýyly ugradyp, Täze, 2017-nji ýyly uly dabaralar bilen garşylady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze ýylda bize köp sanly uly ähmiýetli iri wakalar garaşýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bar. Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda Täze ýyly Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan etmeklik teklip edildi.

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýylyň öňýanyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
31 Dek
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýylyň öňýanyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 30-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň tamamlanýandygyny we 2017-nji ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyrýan Täze ýyl baýramçylyk çärelerine gatnaşdy.     Döwlet Baştutanymyz Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk görnüşinde bezelen kaşaň binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi milli parlamentiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar.      Ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri döwlet Baştutanymyzy bu röwşen baýram bilen gutlap, hor...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş arçanyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy
29 Dek
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş arçanyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy

2016-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşyp, baýramçylyk çäresine gatnaşýan çagalar bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan ajaýyp dabaralaryň şatlygyny paýlaşdy.      Baýramçylyk dabaralary bu ajaýyp pursatlara hemmelerde bagtyýar gülküleri we ajaýyp şatlygy paýlap, Täze ýyl gijesinde ýurdumyz boýunça belent päk duýgulara beslenmek üçin barha giň gerim alýar.      Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan 2017-nji ýyly jebis, uly we agzybir maşgala bolup garş...

DOWAMY
Agyr atletikaçylaryň üstünlikleri
28 Dek
Agyr atletikaçylaryň üstünlikleri

2016-njy ýylyň 27-nji dekabry. Köpugurly “Aşgabat” sport toplumynda agyr atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi, oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden 100-e golaý türgen gatnaşdy. Sport baradaky döwlet komitetiniň we Agyr atletika boýunça milli federasiýanyň guran bu birinjiliginiň jemleri boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyzyň deslapky düzümi saýlanyp alnar.

DOWAMY