Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
5 Mar
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem olaryň işini has-da kämilleşdirmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär. Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläp, Garaşsyz...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
4 Mar
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

2020-nji ýylyň 3-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewiň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär. Şolaryň hatarynda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetimiziň esasy pudagyny döwr...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
3 Mar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

2020-nji ýylyň 2-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza hem-de welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär. Onda ýurdumyzyň baş şäherinde hem-de welaýatlarda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, umumymilli baýramçylyklara taýýarlyk görlüşi hem-...

DOWAMY
Katar döwletiniň paýtagtynda türkmen-katar syýasy geňeşmeleri geçirildi
2 Mar
Katar döwletiniň paýtagtynda türkmen-katar syýasy geňeşmeleri geçirildi

2020-nji ýylyň 29-njy fewralynda Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, ösüşiň esasy görkezijisi, iň ýokary syýasy derejede döredilen açyk dostlukly we konstruktiw gepleşik bolup durýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary de...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Maryda sadaka berdi we Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi
29 Few
Hormatly Prezidentimiz Maryda sadaka berdi we Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi

2020-nji ýylyň 28-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde — Gurbanguly hajy metjidinde berlen sadaka gatnaşdy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär. Soňra Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, welaýatlarda şu ýylyň iki aýynda ýerine...

DOWAMY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28 Few
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, Hökümetiň agzalarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän halkara we milli baýramçylyklara bagyşlanan çäreleriň degişli derejede guralmagyna ünsi çekip, şolaryň tutuş ýurdumyz boýunç...

DOWAMY