Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
11 Noý
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda, paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy, diýip TDH habar berýär. Barha gözelleşýän Aşgabadyň günbatar böleginde milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda belent ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän gözel künjek peýda boldy. Bu ýerde zerur ýol-ulag düzümi döredildi, aýlawly awtomobil çatrygynyň merkezini bolsa täsin “Türkmen alabaýy” ýadygärlik binasy bezeýär. Şeýle hem şäheriň bu böleginde...

DOWAMY
Türkmenistan – Hindistan: köpçülikleýin maglumatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär
10 Noý
Türkmenistan – Hindistan: köpçülikleýin maglumatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

2020-nji ýylyň 9-njy noýabrynda, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) hem-de Hindistanyň iri Asian News International (ANI) habarlar agentliginiň arasynda habarlary alyşmak hakynda Ähtnama gol çekildi, diýip TDH habar berýär. Wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen gepleşikleriň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň maglumatlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy hem-de ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli köpçülikleýin ha...

DOWAMY
Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň zähmet ýeňşi hakynda hasabaty kabul etdi
9 Noý
Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň zähmet ýeňşi hakynda hasabaty kabul etdi

Düýn — ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilen güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk wideomaslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň käbir netijeleri jemlenildi, diýip TDH habar berýär. Dabaraly çärä ýurdumyzyň her welaýatyndan çagalar hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň ekerançylarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada hasabatlary kabul etdi. Welaýatlaryň häkimleri oba zähmetkeşleriniň adyndan...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýzki bag ekmek möwsümine badalga berdi
9 Noý
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýzki bag ekmek möwsümine badalga berdi

Şenbe güni Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bag ekmek boýunça ählihalk çäresi geçirildi, diýip TDH habar berýär. Eziz Diýarymyzyň giňişliklerinde täze baglyklaryň we seýilgähleriň düýbüni tutmak boýunça giň gerimli çäre ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga, türkmen topragynyň ähli künjeklerini ajaýyp ýaşyl lybas bilen bezemäge gönükdirilendir. Irden, asylly işe başlamagyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Hanbeg diýen ajaýyp bedewe atlanyp, bag ekmek çäresiniň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Ýurdumyzda bag ekmek boýunça çäräniň güýzüň ajaýyp...

DOWAMY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şypahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
7 Noý
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şypahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman “Bagabat” şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, diýip TDH habar berýär. ... Hormatly Prezidentimiz ir bilen “Bagabat” şypahana toplumyna tarap ugrady.  Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şypahana toplumyna geldi. Onuň ak mermerli binalary Änew şäherinden 16 kilometr uzaklykda ýerleşýän Aşgabadyň etegindäki ajaýyp Bagab...

DOWAMY
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi
7 Noý
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi

2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.  Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Idaýat ogly Asadow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri R.Golowçenko, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri S.Žaparow, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri I.Kiku, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy A.Mişu...

DOWAMY