Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawyny ýöretmegiň tertibi

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2021-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda

1512 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan «Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawyny ýöretmegiň tertibini tassyklamak hakynda»

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň

2021-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda çykaran 96 belgili buýrugy

 

Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawyny ýöretmegiň tertibini tassyklamak hakynda

 

2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawyny ýöretmegiň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary D. Baýryýew gözegçilik etmeli.

3. Şu buýrugy degişli şahslaryň dykgatyna ýetirmeli.

 

Gullugyň başlygy                                             M.Hudaýkulyýew

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň

2021-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda çykaran

96 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawynyýöretmegiň tertibi

I bap. Umumy düzgünler

1. Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawyny ýöretmegiň tertibi (mundan beýläk - Tertip) 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň (mundan beýläk - Gümrük kodeksi) 342-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawyny (mundan beýläk - Sanaw) ýöretmegiň, şol sanda Sanawa goşmagyň, ondan çykarmagyň, Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmegiň hem-de intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň möhletini uzaltmagyň tertibini kesgitleýär.

2. Şu Tertibiň maksatlary üçin ulanylýan düşünjeler:

1) hukugyň eýesi - awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň obýektlerine, haryt nyşanlaryna, hyzmat ediş nyşanlaryna aýratyn hukuklaryň (intellektual eýeçiliginiň) eýesi;

2) Ygtyýarly edara - Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda intellektual eýeçiligiň obýektine hukuklary goramak babatda ygtyýarly döwlet edarasy;

3) arza beriji - hukugyň eýesi ýa-da hukugyň eýesine wekilçilik edýän we Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýerleşýän (hasaba alnan) şahs;

4) borçnama - harytlaryň goýberilmegini togtatmak bilen bagly deklaranta, harydyň eýesine, harytlary alyja ýa-da başga şahslara ýetirilip bilinjek emläk zyýanynyň öwezini dolmak hakynda, hukugyň eýesiniň ýazmaça görnüşdäki borçnamasy;

5) Çäreler - Gümrük kodeksiniň 37-nji babyna laýyklykda, harytlaryň goýberilmegini togtatmak bilen bagly çäreler.

3. Sanawy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy (mundan beýläk - Gulluk) şu Tertibe laýyklykda ýöredýär.

4. Sanawy ýöretmek şulary öz içine alýar:

         1) arza berijileriň arzalaryny we başga ýüz tutmalaryny kabul etmek we olara garamak;

         2) Çäreleri görmek we Çäreleri görmekden ýüz öwürmek hakynda çözgütleri kabul etmek;

3) intellektual eýeçiligiň obýektlerini Sanawa goşmak;

         4) Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek;

         5) gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmak;

         6) intellektual eýeçiligiň obýektlerini Sanawdan çykarmak;

         7) arza berijilere arzalara we başga ýüz tutmalara garamagyň netijeleri barada habar bermek;

         8) Sanawdaky maglumatlary Gullugyň Internet torundaky resmi saýtynda ýerleşdirmek we täzelemek.

5. Çäreleri görmek we Çäreleri görmekden ýüz öwürmek, Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek, gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmak, intellektual eýeçiligiň obýektlerini Sanawdan çykarmak hakynda, şeýle hem Sanawy ýöretmek bilen bagly beýleki çözgütler Gullugyň başlygynyň buýrugy bilen bellenilen Gullugyň merkezi edarasynyň bölümleriniň ylalaşmagy we Gullugyň başlygynyň orunbasarynyň tassyklamagy arkaly kabul edilýär. Ol çözgütler, görnüşi Gulluk tarapyndan tassyklanylýan ylalaşyk namasy bilen resmileşdirilýär.

6. Hukugyň eýesi öz pikirine görä kontrafakt bolup durýan harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen bagly ýa-da gümrük gözegçiligi astynda bolýan harytlar bilen beýleki hereketler amala aşyrylanda intellektual eýeçilik hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz hukuklary bozulandyr diýip çak etmäge ýeterlik esas bolanda, şeýle harytlaryň goýberilmegini togtatmak bilen bagly çäreleriň görülmegi hakynda Gulluga arza (mundan beýläk - Arza) (şu Tertibe 1-nji goşundy) bermäge haklydyr. Arza hukugyň eýesiniň adyndan onuň ynanylan wekili tarapyndan berlip bilner.

 

II bap. Arzanyň resmileşdirilişine, berilýän resminamalaryň

we maglumatlaryň düzümine bildirilýän talaplar

7. Arza şu maglumatlary özünde jemlemelidir:

1) hukugyň eýesi hakynda, eger Arza onuň ynanylan wekili tarapyndan berlen halatynda bolsa - wekili hakynda hem;

2) intellektual eýeçiligiň obýekti hakynda;

3) gümrük edaralarynyň şeýle harytlary ýüze çykaryp bilmegi üçin ýeterlik jikme-jik bolan, hukugyň eýesiniň pikirine görä kontrafakt bolup durýan harytlar hakynda;

4) gümrük edaralarynyň Çäreleri görjek möhleti hakynda.

Arza intellektual eýeçiligiň obýektine hukugyň bardygyny tassyklaýan resminamalar (şahadatnama, aýratyn hukuklary geçirmek hakynda, şol sanda ygtyýarnamalaýyn şertnama, intellektual eýeçiliginiň obýektlerine öz hukuklarynyň tassyk edilmegine hukugyň eýesiniň berip biljek beýleki resminamalary) goşulýar, eger Arza ynanylan wekil tarapyndan berilse, görkezilen Arzanyň ýanyna hukugyň eýesi tarapyndan şeýle şahsa berlen ynanç haty hem goşulýar.

Hukugyň eýesi (onuň ynanylan wekili), özüniň pikiriçe onuň hukuklarynyň bozulmagynyň bar bolan faktynyň tassyklamasy bolup hyzmat edip biljek haryt nusgalaryny Arzanyň ýanyna goşup biler.

8. Şu Tertibiň onunjy böleginde görkezilen, intellektual eýeçiligiň obýektleri baradaky kanuny gorag astyna alynmaga degişli maglumatlar, Sanawa Arza esasynda girizilýär.

         9. Arza hukugyň eýesine wekilçilik edýän şahs tarapyndan berilýän bolsa, Arzanyň ýanyna ol şahsa hukugyň eýesi tarapyndan berlen ynanç haty goşulýar.

         Ynanç hatynda intellektual eýeçiligiň obýekti we hukugyň eýesiniň şol intellektual eýeçiligiň obýektine hukugyň goralmagyny üpjün etmek üçin ynanylan wekiline berýän ygtyýarlyklary görkezilýär. Şeýle ygtyýarlyklar wekilçilik edýän şahsa hukugyň eýesiniň adyndan şu hereketler babatda berlip bilner:

         1) arza bermek;

         2) Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek;

         3) gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmak;

         4) intellektual eýeçiligiň obýektini Sanawdan çykarmak hakynda ýüz tutmalary bermek;

         5) borçnama gol çekmek;

         6) Ygtyýarly edara ýüz tutmak, şeýle hem harytlaryň goýberilmegini togtatmak hakynda çözgüdi ýatyrmak hakynda ýüz tutma bermek.

         Ynanylan wekilinde ynanç hatynyň bolmadyk halatynda, Arza garalmaga degişli däldir, bu barada Arzanyň Gulluga gowşan gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda arza berijä ýazmaça görnüşde habar iberilýär.

         10. Arza intellektual eýeçiligiň obýektleriniň şu görnüşleri babatda berlip bilner:

         1) awtorlyk hukugynyň obýektleri;

         2) gatyşyk hukuklarynyň obýektleri;

         3) haryt nyşanlary;

         4) hyzmat ediş nyşanlary.

         11. Şu Tertibiň onunjy böleginde görkezilenlerden başga intellektual eýeçiligiň obýektleriniň görnüşleri babatda Arza garalmaga degişli däldir, bu barada Arzanyň Gulluga gowşan gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda Arza berijä ýazmaça görnüşde habar iberilýär.

         12. Hukugyň eýesi birnäçe intellektual obýektlerine eýeçilik edýän bolsa we bu barada arza bilen Gulluga ýüz tutjak bolsa, her bir obýekt boýunça aýratyn arza bilen ýüz tutmalydyr.

         Iki ýa-da ondan köp intellektual eýeçiligiň obýektleri babatda berlen Arza garalmaga degişli däldir, bu barada Arzanyň Gulluga gowşan gününden başlap 5 (bäş) iş gününden gijä galman, ýüz öwürmegiň sebäplerini görkezmek bilen, arza berijä ýazmaça görnüşde habar iberilýär.

         13. Arza intellektual eýeçiligiň obýektiniň bellige alyş namasy (şu Tertibe 2-nji goşundy) goşulýar.

         14. Arza we oňa goşulan bellige alyş namasyna arza beriji gol çekýär. Arza beriji ýuridiki şahs bolsa, Arza we oňa goşulan bellige alyş namasyna şol ýuridik şahsyň ýolbaşçysy ýa-da onuň ygtyýarly eden şahsy gol çekýär hem-de kärhananyň möhri goýulýar.

15. Arza, kesgitli intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň aýratynlyklaryna görä, intellektual eýeçiligiň obýektine hukugy tassyklamak üçin berilýän resminamalar hem-de Arzada görkezilen maglumatlary tassyklaýan şu resminamalar goşulýar:

1) awtorlyk hukugynyň obýekti üçin:

a) awtorlyk hukugynyň obýektleriniň bellige alnandygyny tassyklaýan resminamalar;

b) awtorlyk hukugynyň obýektleriniň resminamalarynyň saklamaga berlendigini tassyklaýan resminamalar;

ç) awtorlyk hukugynyň obýektlerine bolan ýalňyz hukugyň aýrybaşgalanmagy hakynda şertnamalar;

d) awtorlyk hukugynyň obýektlerine bolan ýalňyz hukugyň başga şahslara şertnamasyz geçmegini tassyklaýan resminamalar;

e) iş beriji bilen awtoryň arasyndaky gulluk önümi (eseri) babatda zähmet şertnamasy ýa-da başga şertnama;

2) gatyşyk hukuklarynyň obýekti üçin:

a) gatyşyk hukuklarynyň obýektleriniň bellige alnandygyny tassyklaýan resminamalar;

b) gatyşyk hukuklarynyň obýektleriniň resminamalarynyň saklamaga berlendigini tassyklaýan resminamalar;

ç) gatyşyk hukuklarynyň obýektlerine bolan ýalňyz hukugyň aýrybaşgalanmagy hakynda şertnamalar;

d) gatyşyk hukuklarynyň obýektlerine bolan ýalňyz hukugyň başga şahslara şertnamasyz geçmegini tassyklaýan resminamalar;

3) haryt nyşanlary (hyzmat ediş nyşanlary) üçin:

a) haryt nyşanlarynyň (hyzmat ediş nyşanlarynyň) bellige alnandygyny tassyklaýan resminamalar;

b) döwlet sanawyndan göçürme.

Arza beriji öz hukugyny tassyklamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga resminamalary hem berip biler.

Arza berijiniň bellige alyş namasynyň 13-nji öýjüginde görkezilen habarlaşmak üçin bellenilen adam bolup durmaýan halatynda, hukugyň eýesi tarapyndan Ygtyýarly edara ýüz tutmaga, şeýle hem Gümrük kodeksiniň 346-njy maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde göz öňünde tutulan, harytlaryň goýberilmegini togtatmak hakyndaky çözgüdi ýatyrmak hakynda ýüz tutmany bermäge ygtyýarlyklaryň berlendigini tassyklaýan ynanç haty Arza goşulýar.

16. Arza borçnama (şu Tertibe 3-nji goşundy) goşulýar.

Borçnama bolmasa, Arza garalmaga degişli däldir. Bu barada Arzanyň Gulluga gowşan gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda, Gulluk arza berijä habar iberýär.

17. Arza we oňa goşulan resminamalar Türkmenistanyň döwlet dilinde düzülýär. Arza goşulan resminamalaryň daşary ýurt dillerinde düzülen ýagdaýynda, olaryň Türkmenistanyň döwlet diline terjimesi goşulýar. Terjimäniň dogrulygy üçin arza beriji jogapkärçilik çekýär.

18. Arza beriji çözgüt kabul edilmezden öň, Arzany yzyna almaga haklydyr. Gulluga Arzany yzyna almak hakynda ýüz tutmanyň gelip gowşan halatynda, Arza ýüz tutmanyň gowşan gününden başlap garalmaga degişli däldir.

Arza yzyna alnanda, arza berijiniň Arza goşulan resminamalary hem gaýtarylmalydyr.

 

III bap. Arza garamak

19. Arza kabul edilenden soň, iş ýöredişiň bellenilen düzgünlerine laýyklykda Gulluk tarapyndan bellige alynýar we Gullugyň başlygynyň ýa-da onuň orunbasarynyň tabşyrygy boýunça, öwrenilmegi üçin Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümine (mundan beýläk - ygtyýarly bölüm) berilýär.

Arza garamak möhleti, gelip gowşan edilen gününden başlap bir aýdan artyk bolmaly däldir, şu Tertibiň ýigriminji böleginde bellenilen halatlar muňa degişli däldir.

20. Arza beriji tarapyndan berlen maglumatlaryň dogrulygyny barlamak maksady bilen Gulluk mälim edilen maglumatlary tassyklaýan resminamalary üçünji şahslardan, şeýle hem döwlet edaralaryndan sorap almaga haklydyr. Görkezilen şahslar ýüz tutmanyň alnan gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda soralýan resminamalary bermäge borçludyrlar. Şunda Gulluk Arza garamagyň möhletini uzaltmaga haklydyr, ýöne ol iki aýdan artyk bolmaly däldir.

Soragnamalaryň jogaplary iş ýöredişiň bellenilen düzgünlerine laýyklykda Gulluk tarapyndan bellige alynýar we Arza goşulýar.

21. Ygtyýarly bölümiň wezipeli adamy, Arzanyň Gulluga gelip gowşan gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda tabşyrylan resminamalaryň we maglumatlaryň dolulygyny hem-de Arzany, ynanç hatyny we borçnamany resmileşdirmek talaplarynyň berjaý edilişini, şeýle hem kagyz göterijidäki hasaba alyş namasynyň onuň elektron görnüşine laýyklygyny barlaýar.

Resminamalaryň we maglumatlaryň doly bolmadyk görnüşde berlen halatynda, arza berijä 7 (ýedi) iş gününden köp bolmadyk möhletde kem gelýän resminamalary we maglumatlary bermegiň zerurdygy barada ýazmaça habarnama iberilýär. Ol habarnamada kem gelýän resminamalaryň we maglumatlaryň habarnamanyň iberilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda Gulluga berilmäge degişlidigi görkezilýär.

Ynanç hatynyň we borçnamanyň bolmadyk halatynda, degişliligine görä, şu Tertibiň dokuzynjy we on altynjy bölekleriniň düzgünleri ulanylýar.

22. Kem gelýän resminamalaryň we maglumatlaryň habarnamanyň iberilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda Gulluga berilmedik halatynda, şondan soň Arza garalmaga degişli däldir, bu barada, görkezilen möhletiň tamamlanan gününden başlap 3 (üç) iş gününiň dowamynda arza berijä habar iberilýär. 

23. Resminamalaryň we maglumatlaryň doly berlen halatynda, ygtyýarly bölümiň wezipeli adamy bellige alyş namasyndaky hem-de Arza goşulan beýleki resminamalardaky maglumatlary barlaýar.

24. Arza beriji tarapyndan berlen resminamalardaky maglumatlar barlananda, zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, Gullugyň goşmaça resminamalary we maglumatlary, şeýle hem nusgasy berlen resminamalaryň asyl nusgalaryny sorap almaga hukugy bardyr.

Sorap alnan resminamalaryň asyl nusgalary olaryň nusgalary bilen deňeşdirmek arkaly barlanandan soň, arza berijä gaýtarylyp berilýär. Şonda Arzany barlaýan ygtyýarly bölümiň wezipeli adamy resminamanyň nusgasynda “Asyl nusga bilen deňeşdirildi” diýen ýazgyny edýär we “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyň 25-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenen tertipde tassyklaýar.

25. Arza seredilýän döwründe Arzada ýa-da oňa goşulýan resminamalarda görkezilen maglumatlar üýtgedilen halatynda, arza beriji ýa-da ynanylan wekil bu hakda haýal etmän, Gulluga habar bermäge borçludyr.

26. Ygtyýarly bölümiň wezipeli adamlarynyň we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda arza berijiniň beren maglumatlaryna elýeterliligi alan beýleki şahslaryň, şu maglumatlary jar etmäge, şahsy maksatlary üçin ulanmaga ýa-da üçünji taraplara geçirmäge haky ýokdur, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

27. Arza garamak möhletiniň dowamynda, Çäreleri görmek hakynda ýa-da Çäreleri görmekden ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edýär.

28. Çäreleri görmekden ýüz öwürmek hakyndaky çözgüt arza beriji tarapyndan nädogry maglumatlar berlen, şeýle hem ol tarapyndan Gümrük kodeksiniň 342-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenilen talaplaryň berjaý edilmedik halatynda kabul edilýär.

29. Barlagyň netijeleri boýunça, ygtyýarly bölüm Çäreleri görmek hakyndaky çözgüdiň ylalaşyk namasyny taýýarlaýar.

         30. Çäreleri görmek hakynda çözgüt kabul edilende, Çäreleri görmek hakyndaky çözgüdiň ylalaşyk namasynda onuň belgisi we senesi, intellektual eýeçiligiň obýektiniň ady hem-de intellektual eýeçiligiň obýektiniň gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhleti baradaky maglumatlar hökmany görkezilmelidir.

31. Çäreleri görmek hakyndaky çözgüdiň ylalaşyk namasy Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleri bilen ylalaşylandan soňra, tassyklanylmagy üçin Gullugyň başlygynyň orunbasaryna hödürlenilýär.

         32. Çäreleri görmek ýa-da Çäreleri görmekden ýüz öwürmek hakynda çözgüt, Gullugyň başlygynyň orunbasary tarapyndan Çäreleri görmek hakyndaky çözgüdiň ylalaşyk namasynyň tassyklanylan gününden güýje girýär.

  Arza beriji kabul edilen çözgüt hakynda şeýle çözgüdiň kabul edilen gününden başlap 3 (üç) iş gününiň dowamynda ýazmaça görnüşde habardar edilýär.

 

IV bap. Intellektual eýeçiligiň obýektini Sanawa goşmak

33. Özleri babatda Çäreleri görmek hakynda çözgüt kabul edilen intellektual eýeçiligiň obýektleri Sanawa goşulýar.

Gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhleti, şu möhletleriň iň ir tamamlanýany bolup durýar:

1) intellektual eýeçiligiň obýektiniň Sanawa goşulan gününden başlap 5 (bäş) ýyl;

2) Arzada görkezilen möhlet;

3) intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň möhleti.

         34. Intellektual eýeçiligiň obýekti Sanawa goşulanda, oňa bellige alyş belgisi berilýär. Bellige alyş belgisi şu tertipde düzülýär:

00000/KK-GGAAÝÝ,

         olardan:

         00000 - görnüşine garamazdan intellektual eýeçiligiň obýektine berlen bäş sanly ýazgy belgisi;

         KK - intellektual eýeçiligiň obýektiniň görnüşi («AH» awtorlyk hukugynyň obýekti, «GH» gatyşyk hukuklarynyň obýekti, «HN» haryt nyşanlary (hyzmat ediş nyşanlary));

         GGAAÝÝ - intellektual eýeçiligiň obýektiniň Sanawa goşulan senesi (güni, aýy, ýylyň soňky iki sany).

35. Çäreleri görmek hakynda çözgüt kabul edilende, Ygtyýarly bölüm çözgüdiň kabul edilen gününden gijä galman, arza beriji üçin Intellektual eýeçiligiň obýektiniň intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawyna goşulandygy hakynda şahadatnama (mundan beýläk - Şahadatnama, şu Tertibe 4-nji goşundy) taýýarlaýar.

         Şahadatnama Gullugyň başlygynyň goly we Gullugyň döwlet tugraly möhri bilen tassyklanylýar.

         36. Şahadatnama Gullukda ýöredilýän Intellektual eýeçiligiň obýektiniň intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawyna goşulandygy hakynda şahadatnamalary bellige alyş kitabynda bellige alynýar. Şahadatnamanyň bellige alyş belgisi, şu Tertibiň otuz dördünji bölegine laýyklykda düzülen, Sanawa goşulýan degişli intellektual eýeçiligiň obýektiniň bellige alyş belgisinden ybarat bolýar.

         37. Şahadatnamanyň asyl nusgasy arza berijä berilýär, onuň nusgasy Gullukda saklanylýar.

         Gullukda galýan Şahadatnamanyň nusgasynyň arka tarapynda Şahadatnamanyň asyl nusgasynyň arza berijä berlendigi barada bellikler edilip, berlen senesi görkezmek bilen arza beriji ýa-da ynanylan wekil tarapyndan gol çekdirilmelidir.

         38. Sanawa goşmak, her bir aýratyn intellektual eýeçiligiň obýekti boýunça amala aşyrylýar. Her bir aýratyn intellektual eýeçiligiň obýekti üçin aýratyn Şahadatnama berilýär.

39. Sanawa şu maglumatlar girizilýär:

1) intellektual eýeçiligiň obýektiniň bellige alyş belgisi, senesi;

2) intellektual eýeçiligiň obýektiniň ady (teswirlemesi, suraty);

3) intellektual eýeçiligiň obýektine hukugy tassyklamak üçin berlen resminamanyň ady, belgisi we senesi;

4) nyşanlary bellige almak üçin harytlaryň we hyzmatlaryň halkara toparlara bölünişine laýyklykda, harytlaryň atlary we toparlary;

5) daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça harytlaryň kodlary;

6) hukugyň eýesi hakynda maglumatlar;

7) habarlaşmak üçin maglumatlar;

8) hukuk goragynyň möhletiniň tamamlanýan senesi;

9) original harytlaryň dolanyşygyna degişli maglumatlar;

10) intellektual eýeçiligiň obýektine hukugyň bozulmalarynyň alamatlaryna eýe bolan harytlaryň dolanyşygyna degişli maglumatlar;

11) gümrük edaralarynyň Çäreleri görmeginiň zerur bolmaýan ýagdaýlary (eger şeýle ýagdaýlar bar bolsa).

40. Çäreleri görmek hakynda çözgüt kabul edilen gününden başlap 3 (üç) iş gününiň dowamynda Gulluk şu Tertibiň otuz dokuzynjy böleginde göz öňünde tutulan maglumatlaryň Sanawa girizilmegini üpjün edýär.

 

V bap. Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek

41. Sanawa goşulan intellektual eýeçiligiň obýekti babatda Arzada ýa-da oňa goşulýan resminamalarda görkezilen maglumatlar üýtgedilen halatynda, arza beriji bu hakda haýal etmän, Gulluga habar bermäge borçludyr.

42. Gulluga mälim edilen maglumatlar üýtgän halatynda, Sanawdaky üýtgetmäge degişli maglumatlary görkezmek bilen, ol maglumatlaryň üýtgän gününden ýa-da oňa bu üýtgemäniň belli bolan gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda, arza beriji tarapyndan Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek hakynda Gulluga ýazmaça ýüz tutma berýär.

43. Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek hakynda ýüz tutma erkin görnüşde düzülýär. Bu ýüz tutma, maglumatlaryň üýtgändigini tassyklaýan fiziki şahslar üçin  notarial taýdan şaýatlyk edilen, ýuridik şahslar üçin bolsa, notarial taýdan ýa-da resmi şaýatlyk edilen resminamalaryň nusgalary goşulmalydyr.

Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek hakynda ýüz tutma, şu Tertibiň on dördünji böleginde Arzanyň resmileşdirilmegi babatda göz öňünde tutulan talaplaryň berjaý edilmegi bilen resmileşdirilýär.

44. Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek hakynda ýüz tutma, onuň kabul edilen gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda seredilýär. Gulluk ol ýüz tutmada hem-de oňa goşulan resminamalarda görkezilen maglumatlary barlamak maksady bilen goşmaça resminamalary we maglumatlary talap etmäge haklydyr.

45. Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek, şu esaslar bolan halatlarda amala aşyrylýar:

1) Arza berijiden Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek hakynda ýazmaça ýüz tutmanyň gowuşmagy;

2) tehniki häsiýetli düzedişleri girizmegiň zerurlygy.

46. Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek hakynda çözgüt şu Tertibiň kyrk bäşinji böleginde görkezilen esaslaryň ýüze çykan gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

47. Ygtyýarly bölüm Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek hakyndaky çözgüdiň ylalaşyk namasyny taýýarlaýar. Bu ylalaşyk namasy Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleri bilen ylalaşylandan soňra, tassyklanylmagy üçin Gullugyň başlygynyň orunbasaryna hödürlenilýär.

         48. Hukugyň eýesiniň üýtgän halatynda, Sanawa üýtgetmeleriň girizilmegine ýol berilmeýär we intellektual eýeçiligiň obýekti Sanawdan çykarylmaga degişlidir.

49. Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek hakynda ýüz tutmany beren arza berijä, onuň beren ýüz tutmasy boýunça kabul edilen çözgüt hakynda, ol çözgüdiň kabul edilen gününden başlap 3 (üç) iş gününiň dowamynda habar iberilýär.

50. Eger Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmekden ýüz öwrülen bolsa, berilýän habarda ýüz öwürmegiň sebäpleri görkezilýär.

 

VI bap. Gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmak

51. Gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhleti, Gümrük kodeksiniň 341-nji maddasynda we 342-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan talaplar berjaý edilen şertinde hukugyň eýesiniň (onuň wekiliniň) arzasynyň esasynda uzaldylyp bilner. Gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhleti intellektual eýeçiliginiň obýektiniň hukuk goragynyň möhletinden artyk bolup bilmez.

52. Gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmak, möhletiniň tamamlanýan gününden azyndan 45 (kyrk bäş) iş gün öň arza berijiden arzanyň gowuşýan şertinde, şu ýagdaýlarda uzaldylyp bilner:

1) gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhleti, şu Tertibiň otuz üçünji bölegine laýyklykda, 5 (bäş) ýyldan we (ýa-da) intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň möhletinden az bolan Arzada görkezilen möhlete görä bellenilen bolsa;

2) intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň möhleti uzaldylan bolsa.

53. Gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmak hakynda arza erkin görnüşde düzülýär. Gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmak intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň möhletiň uzaldylmagy bilen bagly bolan halatlarda, arza intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň möhletiniň uzaldylandygyny tassyklaýan resminamanyň tassyklanan nusgasy goşulýar.

Gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmak hakynda arza, şu Tertibiň on dördünji böleginde Arzanyň resmileşdirilmegi babatda göz öňünde tutulan talaplaryň berjaý edilmegi bilen resmileşdirilýär.

54. Gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmak hakynda arza, onuň kabul edilen gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda seredilýär.

55. Gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmak hakynda çözgüt şu Tertibiň elli ikinji bölegine laýyklykda berlen arzanyň Gulluga gowşan gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

56. Ygtyýarly bölüm gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmak hakyndaky çözgüdiň ylalaşyk namasyny taýýarlaýar. Bu ylalaşyk namasy Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleri bilen ylalaşylandan soňra, tassyklanylmagy üçin Gullugyň başlygynyň orunbasaryna hödürlenilýär.

57. Gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmak hakynda arzany beren arza berijä, onuň beren arzasy boýunça kabul edilen çözgüt hakynda, ol çözgüdiň kabul edilen gününden başlap 3 (üç) iş gününiň dowamynda habar iberilýär.

58. Eger gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmakdan ýüz öwrülen bolsa, berilýän habarda ýüz öwürmegiň sebäpleri görkezilýär.

59. Gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmagyň sany çäklendirilmeýär.

60. Intellektual eýeçiligiň obýekti babatda gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhleti uzaldylanda, ol intellektual eýeçiligiň obýekti üçin berlen Şahadatnamada gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletiniň haýsy senä çenli uzaldylýandygy görkezilýär we Gullugyň başlygynyň goly we Gullugyň döwlet tugraly möhri bilen tassyklanylýar.

 

VII bap. Intellektual eýeçiligiň obýektlerini Sanawdan çykarmak

61. Intellektual eýeçiligiň obýekti şu halatlarda Sanawdan çykarylmaga degişlidir:

1) hukugyň eýesiniň (onuň wekiliniň) islegine görä;

2) hukugyň eýesi tarapyndan Gümrük kodeksiniň 342-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan şertler ýerine ýetirilmedik mahalynda;

3) intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň möhleti tamamlananda;

4) eger hukugyň eýesi harytlaryň goýberilmegini togtatmagyň möhletiniň dowamynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz hukuklarynyň goragy üçin ygtyýarly edara ýüz tutmadyk bolsa.

62. Intellektual eýeçiligiň obýektini hukugyň eýesiniň (onuň wekiliniň) islegine görä Sanawdan çykarmak, hukugyň eýesiniň (onuň wekiliniň) ýüz tutmasy esasynda amala aşyrylýar.

Intellektual eýeçiligiň obýektini Sanawdan çykarmak hakynda ýüz tutma erkin görnüşde düzülýär we şu Tertibiň on dördünji böleginde Arzanyň resmileşdirilmegi babatda göz öňünde tutulan talaplaryň berjaý edilmegi bilen resmileşdirilýär.

         63. Arza berijiniň intellektual eýeçiligiň obýektini Sanawdan çykarmak hakynda ýüz tutmasy hukugyň eýesiniň wekili tarapyndan berilýän bolsa, ýüz tutma hukugyň eýesiniň intellektual eýeçiligiň obýektini Sanawdan çykarmak bilen bagly ygtyýarlyklary berendigini tassyklaýan resminama goşulýar.

64. Intellektual eýeçiligiň obýektini Sanawdan çykarmak hakynda ýüz tutma, onuň kabul edilen gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda seredilýär.

65. Ygtyýarly bölüm şu Tertibiň altmyş birinji böleginde görkezilen esaslaryň ýüze çykandygyny tassyklaýan resminamalary barlaýar we barlagyň netijeleri boýunça intellektual eýeçiligiň obýektini Sanawdan çykarmak hakyndaky çözgüdiň ylalaşyk namasyny taýýarlaýar. Ol ylalaşyk namasy Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleri bilen ylalaşylandan soňra, tassyklanylmagy üçin Gullugyň başlygynyň orunbasaryna hödürlenilýär.

66. Intellektual eýeçiligiň obýektini Sanawdan çykarmak hakynda çözgüt şu Tertibiň altmyş birinji böleginde görkezilen esaslaryň ýüze çykan gününden başlap
10 (on) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

67. Intellektual eýeçiligiň obýektini Sanawdan çykarmak hakyndaky çözgüt, Gullugyň başlygynyň orunbasary tarapyndan tassyklanylan gününden güýje girýär.

68.  Intellektual eýeçiligiň obýektini Sanawdan çykarmak hakynda çözgüdiň kabul edilendigi hakynda habar, arza berijä ol çözgüdiň kabul edilen gününden başlap 3 (üç) iş gününiň dowamynda iberilýär.

69. Intellektual eýeçiligiň obýekti Sanawdan çykarylan halatynda, arza beriji, intellektual eýeçiligiň obýektini Sanawdan çykarmak hakyndaky çözgüdiň güýje giren gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda, özündäki Şahadatnamanyň asyl nusgasyny Gulluga gaýtaryp berýär.

 

VIII bap. Jemleýji düzgünler

70. Çäreleri görmek we Çäreleri görmekden ýüz öwürmek, Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek, gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmak, intellektual eýeçiligiň obýektlerini Sanawdan çykarmak hakynda, şeýle hem Sanawy ýöretmek bilen bagly beýleki çözgütleriň ylalaşyk namasy, Gullugyň merkezi edarasynyň degişli bölümleriniň başlyklarynyň ýa-da olaryň ýerine galan şahslaryň ylalaşyk namasyna gollarynyň goýulmagy arkaly resmileşdirilýär.

         Ylalaşyk namasynyň bellige alynmagy, Gullukda ýöredilýän Ylalaşyk namalaryny bellige alyş kitabynda bellige alyş belgisiniň berilmegi arkaly amala aşyrylýar.

         71. Uzaldylan halatlaryny hem göz öňünde tutmak bilen, gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhleti, intellektual eýeçiligiň obýektiniň Sanawa goşulan möhleti hasap edilýär.

72. Intellektual eýeçiligiň obýektiniň Sanawa goşulan möhleti tamamlananda ýa-da intellektual eýeçiligiň obýekti Sanawdan çykarylanda, ol intellektual eýeçiligiň obýekti üçin berlen Şahadatnama ýatyrylan diýip ykrar edilýär.

73. Sanaw, Çäreleri görmek, Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek, gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmak, intellektual eýeçiligiň obýektlerini Sanawdan çykarmak hakynda çözgütler esasynda işlenip düzülýär.

74. Sanawy ýöretmek Gullugyň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan, ygtyýarly bölümiň rugsady bolmazdan maglumatlary Sanawa girizmek, olary üýtgetmek we Sanawdan çykarmak mümkinçiligini aradan aýyrýan programma üpjünçiliklerini ulanmak arkaly, elektron görnüşde amala aşyrylýar.

75. Ygtyýarly bölüm Çäreleri görmek, Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek, gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmak, intellektual eýeçiligiň obýektlerini Sanawdan çykarmak hakynda çözgütler boýunça degişli maglumatlary Sanawa girizýär.

76. Sanaw Gullugyň Internet torundaky resmi saýtynda ýerleşdirilýär we ondaky maglumatlar Çäreleri görmek, Sanawa üýtgetmeleri (goşmaçalary) girizmek, gümrük edaralarynyň Çäreleri görýän möhletini uzaltmak, intellektual eýeçiligiň obýektlerini Sanawdan çykarmak hakyndaky çözgütler esasynda täzelenýär.

77. Sanawa goşmak bilen bagly şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawyny ýöretmegiň tertibine 1-nji goşundy

 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna

 

Harytlaryň goýberilmegini togtatmak bilen bagly çäreleri görmek hakynda

Arza

 

___________                                                                                     ___________

     (sene)                                                                                                                                            (belgisi)

________________________________________________________________

(Hukugyň eýesiniň (onuň wekiliniň) ady)

 

şu intellektual eýeçiligiň obýektini:

________________________________________________________________

                                     (intellektual eýeçiligiň obýektiniň ady)

intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawyna goşmagyňyzy haýyş edýär.

Dogry maglumatlaryň berilmezliginiň netijeleri barada maňa habar berildi.

Ýokarda görkezilen intellektual eýeçiligiň obýektini Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawyna goşmak bilen bagly habarnamalary elektron poçtanyň ________________________  salgysy boýunça ibermegiňizi haýyş edýärin.

____________________________________________________________________

(hukugyň eýesiniň pikirine görä kontrafakt bolup durýan harytlar hakynda, gümrük edaralarynyň şeýle harytlary ýüze ________________________________________________________________________________________________çykaryp bilmegi üçin ýeterlik jikme-jik bolan maglumat)

________________________________________________________________________________________________________________________________________

Gümrük edaralarynyň çäreleri görjek möhleti ______________________

Şu arzada we oňa goşulan resminamalarda görkezilen maglumatlaryň üýtgän ýagdaýynda, haýal etmän, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäreleri geçirmäge borçlanýaryn.

Berlen maglumatlaryň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda awtomatlaşdyrylan usulda, şeýle hem awtomatlaşdyryş serişdelerini ulanmazdan işlenilmegine razylyk berýärin.

Goşundy:

1. Bellige alyş görnüşi ____ sahypa.

2. Ynanç haty (bar bolan halatlarda) _____ sahypa.

3. Borçnama ______ sahypa.

4. Şahadatnama ______ sahypa.

5. Aýratyn hukuklary geçirmek hakynda şertnama ______ sahypa.

6. Intellektual eýeçiligiň obýektine hukugy tassyk etmek üçin berilýän resminamalar ______ sahypa.

7. Başga resminamalar (atlaryny görkezmeli) ______ sahypa.

 

___________________    ____________________    ____________________

              (sene)                                              (goly/) MÝ                           (familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawyny ýöretmegiň tertibine 2-nji goşundy

 

 

Intellektual eýeçiligiň obýektini bellige alyş namasy

1.______________________________________________________________(intellektual eýeçiligiň obýekti)

2.______________________________________________________________(intellektual eýeçiligiň obýektiniň görnüşi)

3.______________________________________________________________(esasy aňlatmalar)

4.______________________________________________________________(hukugyň eýesi)

5.______________________________________________________________(hukugyň eýesiniň ynanylan wekili)

6.______________________________________________________________(ynanç haty)

7.______________________________________________________________(hukugy tassyklamak)

8.______________________________________________________________(original harytlaryň dolanyşygyna degişli maglumatlar)

9.______________________________________________________________

(intellektual eýeçiligiň obýektine hukugyň bozulmalarynyň alamatlaryna eýe bolan

_________________________________________________________________________________________ harytlaryň dolanyşygyna degişli maglumatlar)

10._____________________________________________________________(daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça kodlar)

11._____________________________________________________________(gümrük edaralarynyň Çäreleri görmeginiň zerur bolmaýan ýagdaýlary (eger bar bolsa))

12._____________________________________________________________ (intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň möhleti)

13.____________________________________________________________

(habarlaşmak üçin bellenilen adamlar)

 

14___________________   ____________________    ____________________

                           (sene)                                     (goly/) MÝ                        (familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

Bellik:

Bellige alyş namasynyň 1-2-nji, 4-nji, 7-10-njy we 12-14-nji setirler hökmany doldurylmaga degişlidir.

            1-nji setirde intellektual eýeçiligiň obýektine hukugyny tassyklamak üçin berlen resminamada görkezilen ada (teswirlemesine, surata) laýyk gelýän intellektual eýeçiligiň obýektiniň ady (teswirlemesi, suraty) görkezilýär.

            Intellektual eýeçiligiň obýektiniň suratyny öz içine alýan faýl, ony 8 x 8 sm ölçegde çap etmäge mümkinçilik berýän talaplara laýyk gelmelidir we JPG (JPEG) ýa-da TIF (TIFF) formatda, azyndan 300 dpi durulykda bolmalydyr (gysmagyň ulanylmagyna ýol berilmeýär). Ol faýlyň göwrümi
5 Mb-dan köp bolmaly däldir.

            2-nji setirde şular görkezilýär:

            «AH» - eger Arza awtorlyk hukugynyň obýekti babatda berilýän bolsa;

            «GH» - eger Arza gatyşyk hukuklarynyň obýekti babatda berilýän bolsa;

«HN» - eger Arza haryt nyşanlary (hyzmat ediş nyşanlary) babatda berilýän bolsa.

            3-nji setirde mälim edilen intellektual eýeçiligiň obýektine degişli bolan we gümrük deklarasiýasynda, ulag (daşaýyş), täjirçilik we (ýa-da) başga resminamalarda harytlar beýan edilende (teswirlenilende) ulanylyp bilinjek esasy aňlatmalar harply-sanly usulda görkezilýär (mysal üçin, «ICE» haryt nyşany bilen belgilenen harydyň resminamalarynda «ISE», «AÝS», «ИСЕ», «АЙС» sözleri ulanylyp bilner we ş.m.). 3-nji setir, haryt nyşanlary (hyzmat ediş nyşanlary) babatda Arza berlen halatlarda, hökmany doldurylmaga degişlidir.

            4-nji setirde, intellektual eýeçiligiň obýektine hukugy bolan we intellektual eýeçiligiň obýektine hukugy tassyklamak üçin berlen resminamalarda görkezilen şahs barada şu maglumatlar görkezilýär:

            ýuridik şahslar üçin - doly we gysgaldylan (bar bolsa) ady, ýerleşýän ýeri (ýuridik şahsyň salgysy), hat alyşmak üçin salgysy, telefon belgisi we elektron poçta salgysy;

            fiziki şahslar üçin - familiýasy, ady, atasynyň ady (bar bolsa), ýaşaýan ýeriniň salgysy, şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň berlen senesi we belgisi, telefon belgisi we elektron poçta salgysy.

            5-nji setirde intellektual eýeçiligiň obýektine hukugyň eýesine wekilçilik edýän şahs barada, 4-nji setirde hukugyň eýeleri babatda görkezilen maglumatlara meňzeş maglumatlar görkezilýär.

            6-njy setirde ynanç hatynyň hereketiniň tamamlanýan senesi görkezilýär.
5-nji setiriň doldurylýan halatlarynda, 6-njy setir hökmany doldurylmaga degişlidir.

            7-nji setirde şular görkezilýär:

            haryt nyşanlaryna (hyzmat ediş nyşanlaryna) hukugy tassyklamak üçin berlen resminamalaryň atlary, belgisi we berlen senesi hem-de ol resminamalary beren edaralaryň atlary;

            awtorlyk hukugyny ýa-da gatyşyk hukuklary tassyklamak üçin berlen resminamalaryň atlary, belgisi we berlen senesi hem-de ol resminamalary beren edaralaryň atlary;

            intellektual eýeçiligiň obýektine hukugyň hereketiniň möhleti (awtorlyk hukugynyň hereketiniň möhletiniň kesgitlenilmedik halatynda, «awtor» sözi görkezilýär);

            1957-nji ýylyň 15-nji iýunyndaky Nyşanlary bellige almak üçin harytlaryň we hyzmatlaryň halkara toparlara bölünişi hakynda Nissa Ylalaşygynda göz öňünde tutulan, Nyşanlary bellige almak üçin harytlaryň we hyzmatlaryň halkara toparlara bölünişiniň toparlarynyň intellektual eýeçiligiň obýektine hukuga degişli bolan (haryt nyşanlary (hyzmat ediş nyşanlary) üçin görkezmek bilen) harytlaryň atlary.

            8-nji setirde arza berijide bar bolan şu maglumatlar görkezilýär:

            tutýan ornuny (import ediji, daşaýjy, ýük alyjy, ygtyýarnamanyň eýesi, öndüriji, eksport ediji) görkezmek bilen, mälim edilýän intellektual eýeçiligiň obýektini öz içine alýan original harytlaryň dolanyşygyna gatnaşýan şahslar barada maglumatlar (ýuridik şahsyň ady we (ýa-da) fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady (bar bolsa), salgylary);

hereketiň (üstaşyryň) ýol ugurlary, ulag serişdesiniň görnüşleri, bir ulag serişdesinden düşürip başga ulag serişdesine ýüklenilýän ýerler, saklanylýan ýerler, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän ýerleri, gümrük operasiýalarynyň amala aşyrylýan we gümrük gözegçiliginiň geçirilýän ýerleri barada maglumatlar;

            getirilýän original harytlaryň (harytlaryň her görnüşi (kysymy) boýunça) tapawutly aýratynlyklary we häsi&