Customs Service News

Technical training at «Rapiscan Systems»
29 Dec
Technical training at «Rapiscan Systems»

Rapiscan Systems is the global market leader in the production, delivery and subsequent maintenance inspection (the inspection) equipment. Today Rapiscan systems is used by the largest and most developed countries of the world.     10 of the customs worker State Customs Service of Turkmenistan have been trained at the factory «Rapiscan Systems» in the UK from 14 to 22 December 2016. Technical course was devoted to the specifics of the equipment «Eagle R60» to scan rail cars. At the end of the course participants were given certificates.

MORE
Türkmenistanyň gümrük serhedinden ýük daşamalaryny amala aşyrýan ýük awtoulag serişdeleriniň sürüjileriniň dykgatyna
28 Dec
Türkmenistanyň gümrük serhedinden ýük daşamalaryny amala aşyrýan ýük awtoulag serişdeleriniň sürüjileriniň dykgatyna

Hormatly sürüjiler! 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanyň çägine ýük getirýän we bu çäkden ýük alyp gidýän hem-de Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän, halkara gatnawy boýunça ýük daşaýan ýükli ýa-da ýüksiz awtoulag serişdeleriniň ählisi babatda awtoulag serişdeleriniň geoýerleşişini anyklaýan ulgamyň enjamyny ulanmak çäresi girizilýär.      Şu bilen bagly, awtoulag serişdeleriniň geoýerleşişini anyklaýan ulgamyň enjamlarynyň ulanylmagy bilen edilen hyzmat üçin her awtoulag serişdesine 10 (on) amerikan dollary möçberinde töleg bellenilip bu tölegi daşary ýurt döwletleriniň...

MORE
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
10 Dec
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda 2016-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabat şäheriniň Medeniýet merkezi bilen bilelikde gurnalan Bitaraplygymyzyň 21 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa Gullugyň şahsy düzümi gatnaşdy we myhman hökmünde Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa çagyryldy. Dabarada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň aýdym-saz topary       hem-de Aşgabat şäheriniň Medeniýet merkeziniň aýdymçylary ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini wasp edýän aýdymlary bilen çykyş etdiler. Şatlyk-şowhuna...

MORE
On bir aýyň jemi boýunça ýygnanyşyk
3 Dec
On bir aýyň jemi boýunça ýygnanyşyk

2016-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew ýygnanyşyk geçirdi, onda 2016-njy ýylyň geçen on bir aýynda Gullugyň işiniň jemleri jemlendi, şeýle hem ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlendi. Gün tertibine laýyklykda Gullugyň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler.  Mälim bolşy ýaly şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzda halkara ähmiýetli möhüm wakalaryň birnäçesi bolup geçdi. Şol wakalaryň biri «Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan)» Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň...

MORE
Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň başlygy bilen geçirilen duşuşyk
28 Nov
Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň başlygy bilen geçirilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň başlygy hanym Aşita Mittal bilen duşuşyk geçirildi.  Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berip, bu iri halkara guramasynyň neşeleriň bikanun dolanyşygy boýunça maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen...

MORE
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi
5 Nov
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi

2016-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Watanymyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda uly işleri bitirýän Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredilmegine 25 ýyl doldy. Baýramçylyk mynasybetli Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda Gullugymyzda çäreler ýaýbaňlandyrylydy. Baş baýramçylyk çäresi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda geçirildi. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň Gullugyň harby gullukçylaryna we işgärlerine iberen gutlag haty okaldy we ol ýokary ruhubelentlik bilen garşylandy. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda Döwlet gümrük gullugy...

MORE