Customs Service News

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna degişli bedew at ýeňiji boldy
31 Oct
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna degişli bedew at ýeňiji boldy

2016-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklaryna badalga berildi. Onda ahalteke bedewleri at çapyşyklarynyň 7-sinde özleriniň dürli aralyklary geçmekde ýyndamlygyny görkezdiler. Bäsleşigiň dördünji çapyşygynda B.Begmedowyň çapan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna degişli Jygalybeg atly bedew ýeňiji boldy. Bu çapyşykda dört we ulyýaşar bedewler ýurdumyzyň Ulag we aragatnaşyk toplumynyň baýragy ugrunda 2800 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar.  Baýramçylyk çapyşyklarynda ýeňiş gazanan bedewl...

MORE
 “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda harby gullukçylara döwlet sylagynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi
28 Oct
“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda harby gullukçylara döwlet sylagynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi

2016-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda, şanly sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň çäginde dabaraly harby ýörişe we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge işjeň gatnaşan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy.  Degişli Permana gol çeken Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbangu...

MORE
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda geçirilen dabaraly çäre
22 Oct
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda geçirilen dabaraly çäre

2016-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralarynda harby gullukçylaryň birnäçesine döwlet sylaglary gowşuryldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň mejlisler zalynda Gullugyň tapawutlanan harby gullukçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara nobatdaky harby atlaryny dakmak çäresi geçirildi.  Dabaraly çärede döwlet sylaglaryna mynasyp bolan Gullugyň harby g...

MORE
Ikitaraplaýyn duşuşyk
20 Oct
Ikitaraplaýyn duşuşyk

2016-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri bilen Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Maksatnamasynyň (BOMСA 9) ýokary derejeli bilermeni jenap Plamen Tonçew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda, agzalan maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

MORE
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hataryna işe täze kabul edilen harby gullukçylara hünär taýýarlygyny üstünlikli geçendikleri barada güwänamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy
15 Oct
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hataryna işe täze kabul edilen harby gullukçylara hünär taýýarlygyny üstünlikli geçendikleri barada güwänamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy harby gullukçylaryň harby-watançylyk terbiýesini has-da güýçlendirmek we olaryň hünär taýdan taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli we maksada okgunly işleri amala aşyrýar. Şu maksatlar bilen Gullugyň ýanynda hereket edýän Okuw merkezinde Gullugyň hataryna işe täze kabul edilen harby gullukçylar hünär taýýarlygy boýunça başlangyç okuwy geçýärler. Okuw merkeziniň esasy wezipeleri harby gullukçylary watançylyk we öz mukaddes harby borjuna halal gulluk etmek, Türkmenistana, türkmen halkyna we Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepalylyk ruhund...

MORE
Dokuz aýyň jemi boýunça ýygnanyşyk
5 Oct
Dokuz aýyň jemi boýunça ýygnanyşyk

2016-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew ýygnanyşyk geçirdi, onda 2016-njy ýylyň geçen dokuz aýynda Gullugyň işiniň jemleri jemlendi, şeýle hem ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlendi. Ýygnanyşygy açyp, polkownik M. Çakyýew onuň gün tertibini yglan etdi we Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016˗njy ýylyň 4-nji oktýabrynda geçiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beren tabşyryklaryny ýygnaga gatnaşýan harby gullukçylaryň dykgatyna ýetirdi. Soňra, Gün...

MORE