Customs Service News

 Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi
10 Feb
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi

2016-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek maksady bilen ýurdumyza gelen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri Ian Graý, Bekir Keskinkiliç, Serkan Barsbaý we Toker Ergüder bilen duşuşuk geçirildi. Duşuşuykda  temmäki önümleriniň Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden getirilmegi boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilişi, Türkmenistana getirilý...

MORE
Hasabat ýygnanyşygy
6 Feb
Hasabat ýygnanyşygy

2016-njy ýylyň 6-njy fewralynda Gullugyň başlygy polkownik D.Baýramow ýygnanyşyk geçirdi. Onda Gullukda 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda alnyp barylan işler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňlenildi we öňde duran wajyp meseleler boýunça degişli tabşyryklar berildi. Gün tertibine şeýle-de şahsy düzümiň arasynda tertip-düzgüni berkitmek, ahlaklylyk, halallyk, watansöýüjilik, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň watançylyk sargytlary boýunça çykyşlar girizildi.  Ýygnanyşygyň barşynda 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda gümrük edaralary tarapyndan saklanan gadagan edilen haryt...

MORE
Gümrük meseleleri boýunça Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň işçi toparynyň mejlisi
2 Feb
Gümrük meseleleri boýunça Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň işçi toparynyň mejlisi

2016-njy ýylyň 27-29-njy ýanwary aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Täjirçilik hukugynyň ösüş maksatnamasynyň (CLDP) ýardam etmeginde Gümrük meseleleri boýunça Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň işçi toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlisde Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Owganystandan wekiller, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdy. Gün tertibine laýyklykda delegasiýalar gümrük işiniň bellenen ugurlary boýunça alnyp barylýan işler barada tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň taýýarla...

MORE
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara bilermeni Žoržetta Minku bilen duşuşyk geçirildi.
2 Feb
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara bilermeni Žoržetta Minku bilen duşuşyk geçirildi.

2016-njy ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara bilermeni Žoržetta Minku bilen duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda gümrük statistikasyny ýöretmekde milli kanunçylygyň aýratynlyklary, aýry-aýry gümrük düzgünlerinde gümrük statistikasynyň ýörediliş ugurlary, harytlaryň gümrük we statistiki bahasynyň emele gelşi, şeýle hem, gümrük kanunçylygynyň umumy ykrar edilen halkara kadalary bilen sazlaşygy ýaly meseleler barada özara pikir alşyldy.

MORE
Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Ylmy kömekçi komitetiniň mejlisi
19 Jan
Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Ylmy kömekçi komitetiniň mejlisi

2016-njy ýylyň 11-16-njy ýanwary aralygynda Gümrük gullugyndan wekiller Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) ştab-kwartirasynda geçirilen Ylmy kömekçi komitetiniň 31-nji mejlisiniň işine gatnaşdyrlar. Gün tertibine laýyklykda mejlisde harytlaryň käbir görnüşleriniň sazlaşdyrylan ulgam boýunça kodlaryň kesgitlenilişi barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

MORE
Ýurdumyzyň deňiz ýollary arkaly ýük geçirijiligi artýar.
16 Jan
Ýurdumyzyň deňiz ýollary arkaly ýük geçirijiligi artýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde Türkmenistanyň söwda we raýat flotunyň çalt depginler bilen üsti ýetirilýär. Gelip gowuşýan täze gämiler Hazar deňzinde yzygiderli ýolagçy gatnatmagy hem-de ýük daşamagy artdyrmakda işjeň ulanylýar.  2014-nji ýylyň dekabr we 2015-nji ýylyň dekabr aýlarynda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziline degişlilikde «Berkarar» we «Bagtyýar» gämileri geldi. Bu döwrebap gämiler ýolagçylary gatnatmaga, ýük ulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini daşamaga niýetlenendir. Täze «Bagt...

MORE