Customs Service News

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň harby attaşesi bilen duşuşyk
21 Apr
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň harby attaşesi bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda  Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň harby attaşesi jenap Alişer Rajabow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda iki döwletiň «Farap awtoýollary» (Türkmenistan) – «Alat awtoýollary» (Özbegistan Respublikasy) serhetýaka gümrük postlarynyň iş tertibi bilen bagly meseleler, aýratyn hem, bu gümrük nokatlarynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem gümrük ulgamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça gyzyklanmalar bildirildi.

MORE
 Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Aziýa ösüş bankynyň wekiliýeti bilen duşuşyk
13 Apr
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Aziýa ösüş bankynyň wekiliýeti bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 13-nji aprelinde Döwlet gümrük gullugynda Rajeş Wasudewanyň ýolbaşçylygyndaky Aziýa ösüş bankynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň maksady 2017-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurtlaýyn strategiýasyny taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşmakadan ybarat. Duşuşygyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.  Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege ähli gowulyklary arzuw edip, Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda gatnaşyklaryň işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildir...

MORE
Köpçülikleýin sportuň biraýlygy dowam edýär
11 Apr
Köpçülikleýin sportuň biraýlygy dowam edýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleri batly depginde dowam edýär. Türkmenistanlylaryň ýüz müňlerçesi bu çärelere işjeň gatnaşyp, sport bilen meşgullanmaga gyzyklanýandyklaryny we sagdyn-durmuş ýörelgesine eýerýändiklerini tassykladylar. Bu köpçülikleýin çärelere Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Gullugyň sport meýdançalary sagdyn bäsdeşlik ruhuna ýugrulýar. Bu ýerde Gullugyň harby gullukçylary açyk howada ön...

MORE
 Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr ulag geçelgesini döretmek barada iş maslahaty
5 Apr
Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr ulag geçelgesini döretmek barada iş maslahaty

2016-njy ýylyň 31-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherine Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr ulag geçelgesini döretmek babatda ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin agzalan bäş ýurduň hünärmen wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky iş maslahaty geçirildi.  Türkmenistana Döwlet gümrük gullugynyň işgäri hem wekilçilik etdi.  Iş maslahatynyň dowamynda taslama bilen bagly meseleler, ýagny sürüjilere köp gezekleýin wizalary bermek, multimodal ýük gatnawlarynyň mümkinçilikleri, gümrük geçelgelerinde awtoulaglar üçi...

MORE
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
5 Mar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Şu günler eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde Halkara zenanlar gününe - 8-nji mart baýramyna bagyşlanan dürli çäreler giňden we dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Bu baýramçylygyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban zenanlarymyza pul sylaglaryny gowşurmak barada gol çeken Buýrugy baýramçylyk çäreleriniň dabarasyny has-da artdyrdy. Munuň özi döwletimiziň aýal-gyzlarymyza uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda geçirilen dabaraly çäre hem, gullugyň zenan işgärleri üçin ajaýyp sowgat boldy. Gullugyň başlygy polkownik M....

MORE
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň migrasiýa we serhet dolandyryşy boýunça hünärmeni bilen duşuşyk geçirildi
2 Mar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň migrasiýa we serhet dolandyryşy boýunça hünärmeni bilen duşuşyk geçirildi

2016-njy ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň migrasiýa we serhet dolandyryşy boýunça hünärmeni Liwiýa Stip-Rekowska bilen duşuşyk geçirildi.  Myhmanyň aýtmagyna görä, iş saparyň maksady «Tehniki hyzmatdaşlyk we serhetleri dolandyrmak» çygrynda maksatnamanyň amala aşyrylyşy bilen bagly Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň işini seljermekden ybarat. Şunuň bilen baglylykda duşuşygyň barşynda serhetleri dolandyrmak boýunça işleri awtomatlaşdyrmagyň meseleleri we geçirilen çäreleriň ähmiýeti ara aly...

MORE