Customs Service News

Bütindünýä gümrük gurama agza döwletleriniň gümrük gulluklarynyň ýolbaçylarynyň nobatdaky maslahaty
28 May
Bütindünýä gümrük gurama agza döwletleriniň gümrük gulluklarynyň ýolbaçylarynyň nobatdaky maslahaty

Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2016-njy ýylyň 19-20-nji maýynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Bütindünýä gümrük gurama agza döwletleriniň gümrük gulluklarynyň ýolbaçylarynyň nobatdaky maslahatyna gatnaşdy. Maslahatyň maksady agzalan guramanyň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.

MORE
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi
26 May
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi

2016-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Merkezi Aziýada Serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA-9) sebitleýin ýolbaşçysy Raýtis Tiliks, onuň orunbasary Wladimir Zagusows we Ýewropa Bileleşiginiň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk boýunça bölüminiň taslama utgaşdyryjysy Luka Karapelli bilen duşuşyk geçirildi.  Duşuşykda BOMCA-9 Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

MORE
Hasabat ýygnanyşygy
7 May
Hasabat ýygnanyşygy

2016-njy ýylyň 7-nji maýynda Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew  ýygnanyşyk geçirdi. Onda Gullukda 2016-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barylan işler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňlenildi we öňde duran wajyp meseleler boýunça degişli tabşyryklar berildi.  Ýygnanyşygyň barşynda Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreşmekde we kontrabandanyň öňüni almakda gulluk işinde görkezen aýratyn netijeleri üçin, Ahal welaýat gümrükhanasynyň «Sarahs demirýollary»  gümrük postunyň uly gözegçisi kapitan M.Gur...

MORE
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýeňiş gününiň hormatyna duşuşyk geçirildi
7 May
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýeňiş gününiň hormatyna duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň baýramçylygy mynasybetli uruş weteranlary bilen dabaraly duşuşygy geçirildi.  Beýik Ýeňiş ýaş nesiller bilen frontçy, söweşiji we tylyň zähmetkeşleri bolan nesilleriň arasyndaky bölünmez halka bolup hyzmat edýär. Näçe ýyl geçse-de, çuňňur hoşallyga doly näçe söz aýdylsa-da, biz weteranlaryň öňünde baky bergidardyrys. Olaryň biziň jemgyýetimizde uly üns we yssy mähir bilen gurşalyp alnandygy has möhümdir, olaryň durmuş tejribesi hem-de urşuň alawy gurşalyp alnan ýatlamalary biziň üçin gymmatlydyr.  D...

MORE
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyk
5 May
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyk

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we onuň edaralarynyň, Konwensiýanyň sekretariatynyň köp sanly bilermenlerinden ybarat bolan wekiliýet Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Bu saparyň maksady Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny ýerine ýetirmegiň meseleleri boýunça Ýewropa sebit maslahatyna hem-de temmäkä garşy göreşmegiň biraýlygyna gatnaşmakdan ybarat.  Saparyň çäklerinde 2016-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri Jean Tesçe we Kostiantyn Krasowsky bil...

MORE
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň harby attaşesi bilen duşuşyk
21 Apr
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň harby attaşesi bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda  Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň harby attaşesi jenap Alişer Rajabow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda iki döwletiň «Farap awtoýollary» (Türkmenistan) – «Alat awtoýollary» (Özbegistan Respublikasy) serhetýaka gümrük postlarynyň iş tertibi bilen bagly meseleler, aýratyn hem, bu gümrük nokatlarynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem gümrük ulgamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça gyzyklanmalar bildirildi.

MORE