List of documents for export

Täjirçilik maksady bilen harytlar Türkmenistandan alnyp gidilende (eksport edilende) gümrük edaralaryna berilmäge degişli resminamalaryň sanawy

 

1.Daşary ykdysady geleşik

Aşakdaky eksport edilýän harytlar boýunça baglaşylan geleşikler Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige alynmaga degişli:

1) döwlet eýeçiligine degişli edara görnüşli taraplaryň harytlary;

2) döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplardan we hususy telekeçilerden, ilatdan satyn alan,

bahasy 200 000 (iki ýüz müň) ABŞ-nyň dollaryndan (ýa-da şoňa barabar milli puldan ýa-da beýleki daşary ýurt pulundan) köp bolan harytlar.

2.Täjirçilik resminamalary:

1) hasap-faktura (inwoýs);

2) ýükläp ugradyş we gaplaýyş listleri we başga resminamalar;

3. Geleşik pasporty - bahasy erkin aýlanýan puluň çäginden, ýagny 10 000 ABŞ-nyň dollaryndan (ýa-da şoňa barabar milli puldan ýa-da beýleki daşary ýurt pulundan) köp bolan harytlar üçin berilýär.

4. Ulag (daşaýyş) resminamasy - awtoulag serişdesinde daşalanda - halkara ýol-ulag resminamasy (CMR), demir ýol ulag serişdesinde daşalanda - halkara demir ýol-ulag resminamasy, deňiz gämisinde daşalanda konosament, howa gämisinde daşalanda - awia ýol-ulag resminamasy.

5. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeleriň berjaý edilmegini tassyklaýan rugsat beriji resminamalar:

1) maldarçylyk önümleri üçin weterinariýa sertifikaty;

2) gelip çykyşy ösümlikden bolan önümler üçin fitosanitar sertifikaty;

3) sungat eserleri (şekillendiriş grafikasy, žiwopisi), gadymy arheologiki zatlar hem-de çeperçilik,taryhy, ylmy we medeni gymmaty bolan beýleki zatlar üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň rugsady;

4) elde dokalan haly we haly önümleri üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň güwänamasy (netijenamasy);

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýagdaýlarda, degişliligi boýunça başga rugsat beriji resminamalar.

6. Harydyň gelip çykyşy tassyklaýan güwänama (deklarasiýa):

1) Türkmenistanda öndürilen harytlar üçin Harydyň gelip çykyşy tassyklaýan güwänama;

2) Daşary ýurtda öndürilen harytlar üçin Türkmenistana getirilende resmileşdirilen ýük gümrük deklarasiýasy.

7. Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça harytlaryň toparlara bölüniş koduny tassyklaýan resminamalar:

1) harydyň doly beýany görkezilen täjirçilik resminamalary;

2) öndürilende berlen laýyklyk sertifikaty;

3) tehniki resminamalar we hil pasporty.

8. Eksport edýän şahs hakyndaky maglumatlary tassyklaýan resminamalar:

1) kärhananyň esaslandyryş resminamasy (tertipnamasy);

2) hususy telekeçiniň bellige alyş şahadatnamasy;

3) Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi;

4) daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň şahadatnamasy (kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine - güwänama);

5) eksport edýän şahsyň harytlara bolan ygtyýarlygyny tassyklaýan resminamalar.

9. Bellenilen tertipde doldurylan ýük gümrük deklarasiýasy

10. Gümrük tölegleriniň tölenilendigini tassyklaýan resminama