About organizing exhibitions and fairs

 

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2008-nji ýylyň iýul aýynyň 21-ne

çykaran 9913 karary bilen

tassyklandy

Sergileri we ýarmarkalary guramak hakynda

D Ü Z G Ü N N A M A

 

1. Umumy düzgünler

Şu Düzgünnama sergileri we ýarmarkalary guramak we ýokary derejede geçirmek işini ösdürmegiň esasy ugurlaryny we usullaryny kesgitleýär, ykdysadyýetiň ösüşine ýardam etmek, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine we milli haryt öndürijileriň önümleriniň halkara bazarlaryna has köp çykmagyna ýardam etmek işini döwlet tarapyndan goldamaga we utgaşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Düzgünnamadaky adalgalar şu manyny aňladýar:

«Sergi»-sarp edijilere hödürlemek ýa-da satmak maksady bilen, sergä gelýänler üçin elýeterli we düşnükli serişdeler arkaly hyzmatlaryň, harytlaryň, taslamalaryň görkezilmegi we olar bilen tanyşdyrmak üçin niýetlenen, geçirilýän möhleti kesgitlenen guramaçylyk çäresi.

«Ýarmarka» - taslamalary, harytlary, hyzmatlary gös-göni ýarmarkada ýa-da ýarmarkada gazanylan ylalaşyklar esasynda başga görnüşde ýerlemek üçin guralan, geçirilýän möhleti kesgitlenen bazar.

«Sergi ýarmarkasy» - serginiň we ýarmarkanyň görkezmek we ýerlemek boýunça esasy alamatlaryny özünde utgaşdyrýan, geçirilýän möhleti kesgitlenen guramaçylyk çäresi.

«Guramaçy» - sergileri we ýarmarkalary taýýarlamak we geçirmek işini (mundan beýläk - sergi işi) goldaýan we usulyýet taýdan utgaşdyrýan Türkmenistanyň we/ýa-da daşary ýurduň edara görnüşli tarapy. Guramaçy üçünji bir taraplary sergi işini ýerine ýetirmäge ygtyýarly edip biler (sergä gatnaşyjylary çekmek, maglumat-mahabat üpjünçiligi, serginiň ekspozisiýalaryny, onuň işewür we medeni maksatnamalaryny düzmek we ş.m.).

«Gatnaşyjy» - telekeçilik işi bilen meşgullanýan, sergä we ýarmarka gatnaşmak üçin Guramaça ýüztutmany ýollaýan edara görnüşli tarap ýa-da hususy telekeçi.

«Eksponent» - serginiň we/ýa-da ýarmarkanyň resmi taýdan hasaba alnan, öz döreden ýa-da özüne degişli haýsydyr bir zadyny (eksponatyny) synlamak we/ýa-da ýerlemek üçin sergide ýa-da ýarmarkada goýýan gatnaşyjysy.

«Ekspozisiýa» - serginiň ýa-da ýarmarkanyň tamamlanan bölegi, ol belli bir ýüze çykma, mesele ýa-da önüm barada gelýänlere anyk, elýeter görnüşde düşünje bermäge niýetlenýär.

«Eksponat» - hemmeleriň syn etmegi üçin sergide we/ýa-da ýarmarkada goýlan zat.

«Gönüden-göni gatnaşmak» - serginiň we/ýa-da ýarmarkanyň eksponentiniň öz harytlaryny we hyzmatlaryny ekspozisiýada ýerleşdirilmek maksady bilen, sergi meýdançalaryny şertnama esasynda kärendesine alyp, sergä we/ýa-da ýarmarka gönüden-göni gatnaşmagy.

«Gaýybana gatnaşmak» - eksponentiň sergä we/ýa-da ýarmarka öz işi hakyndaky maglumatlary serginiň we/ýa-da ýarmarkanyň resmi katalogynda ýerleşdirmek arkaly gatnaşmagy.

«Köpçülikleýin ekspozisiýa» - şol bir wagtda edara görnüşli taraplaryň we hususy telekeçileriň 5-siniň ýa-da şondan-da köp sanynyň zatlary goýulýan ekspozisiýa. Köpçülikleýin ekspozisiýany guramakçy sergä we/ýa-da ýarmarka gatnaşmak barada olaryň Guramaçylary bilen bellenen tertipde şertnama baglaşýar, şol şertnamada eksponentiň hukuk derejesi kesgitlenýär.

«sergä we/ýa-da ýarmarka gatnaşmak baradaky şertnama» - Guramaçynyň we Eksponentiň arasynda baglaşylýan ylalaşyk, ol Guramaçynyň sergisine we/ýa-da ýarmarkasyna eksponentiň gatnaşmagy babatda şertnamanyň taraplarynyň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.

«serginiň we/ýa-da ýarmarkanyň resmi katalogy» - Guramaçynyň kagyzyň ýüzüne çap edilen we/ýa-da elektron görnüşdäki resmi neşiri, ol anyk serginiň we/ýa-da ýarmarkanyň gatnaşyjylary hakyndaky has möhüm maglumatlary, şeýle hem eksponentiň işiniň mahabatyny özünde jemleýär.

 

2. Esasy wezipeler

Sergini ýa-da ýarmarkany guramak we geçirmek işiniň esasy wezipeleri:

ýurdumyzyň işläp taýýarlamalarynyň, tehnologiýalarynyň, «nou-haularynyň», harytlarynyň we hyzmatlarynyň içerki we daşarky bazarlarda has köp hödürlenmeginde harytlary we hyzmatlary öndürijilere kömek bermek;

daşary ýurt maýa goýumlaryny ykdysadyýete çekmek, bilelikdäki önümçiligi guramak ýa-da taslamalary bilelikde amala aşyrmak, milli bazary ilat üçin harytlar hem-de senagat üçin zerur önümler we çig mal bilen doldurmak, şeýle hem öňdebaryjy tejribäniň alşylmagy üçin içerki we halkara işewür gatnaşyklaryny, tagallalary birleşdirmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin şertleri döretmek.

 

3. Işiniň esasy maksatlary

Şu Düzgünnama Türkmenistanyň çäginde we onuň çäklerinden daşarda sergini ýa-da ýarmarkany guramak bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de şu maksatlary durmuşa geçirmäge niýetlenýär:

sergini ýa-da ýarmarkany geçirmek işini tertipleşdirmek, ony halkara standartlaryna, ölçeglerine we kadalaryna laýyk getirmek;

Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň adyndan sergini ýa-da ýarmarkany guramagyň esasy ölçeglerini we kadalaryny bellemek;

sergini ýa-da ýarmarkany geçirmek işi babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny geçirmek we onuň durmuşa geçirilişine gözegçiligi amala aşyrmak üçin şertleri döretmek;

sergini ýa-da ýarmarkany geçirmek işine gatnaşyjylary ak ýürekli däl bäsdeşlikden goramak, göwnejaý däl sergi işiniň öňüni almak ýa-da soňuna çykmak.

 

4. Serginiň ýa-da ýarmarkanyň gatnaşyjylary

Türkmenistanyň çäginde geçirilýän sergä ýa-da ýarmarka Türkmenistanyň edara görnüşli taraplary we hususy telekeçileri, şeýle hem amala aşyrýan işi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we şu Düzgünnama ters gelmeýän daşary ýurtly edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler gatnaşýar.

Sergä ýa-da ýarmarka gatnaşyjylar serginiň ýa-da ýarmarkanyň guramaçylaryna we gatnaşyjylaryna bölünýär.

Serginiň ýa-da ýarmarkanyň guramaçylary serginiň ýa-da ýarmarkanyň geçirilmeginde guramaçylyk-tehniki we usulyýet ýolbaşçylygy amala aşyrýan döwlet dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik gurluşlarydyr. Serginiň ýa-da ýarmarkanyň guramaçylarynyň serginiň ýa-da ýarmarkanyň gatnaşyjylarynyň öňündäki maddy jogapkärçiligi olaryň arasynda baglaşylan hem-de sergä ýa-da ýarmarka gatnaşmagyň şertleri kesgitlenen şertnama göz öňünde tutulan ýagdaýda ýüze çykýar.

Sergä ýa-da ýarmarka gatnaşmak üçin guraýjy bilen şertnama baglaşan hem-de gatnaşmagyň yglan edilen şertlerini kabul edýän edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler serginiň we/ýa-da ýarmarkanyň gatnaşyjylarydyr.

Sergä ýa-da ýarmarka ekspozisiýa bilen gatnaşýanlar hususy ekspozisiýa ýa-da köpçülikleýin ekspozisiýa arkaly gatnaşyp biler. Köpçülikleýin ekspozisiýa arkaly gatnaşmagy köpçülikleýin ekspozisiýalaryň guramaçysy guraýar, ol guraýjy bilen şertnama esasynda belli bir sebitdäki (ýurtdaky) sergä ýa-da ýarmarka gatnaşyjylaryň toparyny döredýär we şondan soň şol toparyň adyndan hereket edýär. Ministrlikler, pudak edaralary aýry-aýry serginiň ýa-da ýarmarkanyň köpçülikleýin guramaçylary bolup biler, şeýle halatda olar serginiň ýa-da ýarmarkanyň «şärikli guramaçylary» diylip atlandyrylýar.

 

5. Sergi ýa-da ýarmarka guramalary

Sergi ýa-da ýarmarka guramalary diýlip sergi hyzmatlarynyň bazarynda sergi ýa-da ýarmarka guraýjylary hökmüňde yzygiderli (köp gezek) çykyş edýän guramalar ýa-da hususy telekeçiler atlandyrylýar.

Sergini ýa-da ýarmarkany guramagy öz guramaçylyk-hukuk görnüşine we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýöriteleşen ýa-da ýöriteleşmedik guramalar amala aşyryp biler.

Ýöriteleşen guramalara sergini ýa-da ýarmarkany taýýarlamak we guramak işleriniň we hyzmatlarynyň bütin toplumyny ýerine ýetirmek üçin göwnejaý maddy-tehniki serişdeler, şeýle hem hünärli işgärleri bolan guramalar degişlidir.

Sergini ýa-da ýarmarkany bir gezekleýin tertipde geçirijiler sergini ýa-da ýarmarkany geçiriji guramalara degişli däldir.

 

6. Sergileriň we ýarmarkalaryň derejeler boýunça tapawutlandyrylyşy

Tutumy, gerimi we pudak alamatlary, gatnaşyjylarynyň we hödürlenýän eksponatlaryň düzümi boýunça, şeýle hem emele gelen hakyky ýagdaýy hasaba alnyp, Türkmenistanda geçirilýän sergiler we ýarmarkalar halkara, milli, uniwersal, ýerli, ýöriteleşdirilen sergiler we ýarmarkalar hökmünde tapawutlandyrylýar.

Halkara sergisi ýa-da ýarmarkasy diýlip, halkara ähmiýetli ýarmarka, uniwersal pudagara sergisine ýa-da ýarmarkasyna aýdylýar,  onda ylmyň, tehnikanyň we işewür taslamalar görnüşinde ykdysadyýetiň esasy bölümleri, Türkmenistanyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň, kompaniýalarynyň we firmalarynyň hojalyk işiniň pudaklarynyň köpüsiniň harytlary we hyzmatlary hödürlenýär. Gatnaşyjylaryň umumy sanynyň azyndan 15%-iniň daşary ýurt kompaniýalary we firmalary bolmagy sergä ýa-da ýarmarka halkara derejesiniň berilmegi üçin hökmany şertdir.

Hojalyk işiniň pudaklarynyň köpüsi ýa-da Türkmenistanyň ýa-da beýleki daşary ýurt döwletleriniň edara ediş bölünmeleriniň köpüsi üçin gyzyklanma döredýän işewür taslamalar, harytlar we hyzmatlar görnüşinde ylmyň, tehnikanyň we ykdysadyýetiň aýratyn ugurlary hödürlenýän sergi ýa-da ýarmarka milli sergi ýa-da ýarmarka diýlip aýdylýar.

Uniwersal sergi ýa-da ýarmarka - munuň özi hojalyk işiniň bir ýa-da birnäçe pudagyna degişli taslamalar, harytlar hödürlenýän sergi ýa-da ýarmarkadyr.

Ýerli sergi ýa-da ýarmarka - munuň özi sebit we şäher sergisi ýa-da ýarmarkasy bolup, ol harytlaryň belli bir toparlary boýunça uniwersal ýa-da ýöriteleşdirilen bolup biler we degişli edara ediş bölünmeleriniň bähbitleri nazara alnyp geçirilýär.

Ýöriteleşdirilen sergi ýa-da ýarmarka hojalyk işiniň diňe aýratyn pudagyny ýa-da ylmyň, tehnikanyň, ykdysadyýetiň, önümçiligiň aýry-aýry pudaklaryny (bölümlerini) öz içine alýar.

Gatnaşyjylaryň umumy sanynyň azyndan 15%-i daşary ýurt sergi guramalary tarapyndan guralýan ýöriteleşdirilen sergä ýa-da ýarmarka ýöriteleşdirilen halkara sergisi ýa-da ýarmarkasy diýen hukuk derejesi berilýär.

Türkmenistan bütindünýä sergilerine ýa-da daşary ýurtda geçirilýän halkara sergilerine sergi bilen ýa-da ekspozisiýa bilen gatnaşanda, şol sergi ýa-da ekspozisiýa degişlilikde milli sergi ýa-da milli ekspozisiýa diýlip atlandyrylýar.

Halkara şertnamalarynyň ýa-da beýleki ylalaşyklaryň esasynda halkara guramalary ýa-da daşary ýurt döwletleri tarapyndan Türkmenistanyň çäginde geçirilýän sergi ýa-da ýarmarka özüne guramaçylar tarapyndan berlen ady we hukuk derejesini saklap galýar.

 

7. Serginiň we ýarmarkanyň ady

Her bir sergä we ýarmarka ýörite at berilýär. Şol at gysga, anyk hem-de serginiň ýa-da ýarmarkanyň gatnaşyjylary we oňa gelýänler üçin düşnükli bolmaly, öz mowzuk mazmunyny beýan etmeli. Serginiň we ýarmarkanyň adynda geçirilýän ýylyny görkezmäge hem-de mowzugyny takyklaýan ýa-da onuň üstüni ýetirýän beýleki sözlere ýol berilýär. Sergä ýa-da ýarmarka at dakmak hukugy guramaçylara berilýär. «Türkmenistan», «türkmen», «milli», «döwlet» kimin sözler we olaryň esasynda döredilen sözler hem-de söz düzümleri Türkmenistanyň Hökümetiniň rugsady bolmasa, serginiň ýa-da ýarmarkanyň adynda ulanylyp bilinmez.

 

8. Guramaçylyk komiteti we onuň wezipeleri

Sergini ýa-da ýarmarkany meýilleşdirmek we geçirmek, şeýle hem maslahatlar üçin zerur materiallary taýýarlamak boýunça serginiň we ýarmarkanyň guramaçylarynyň hereketlerini utgaşdyrýan Guramaçylyk komitetiniň wezipeleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň üstüne ýüklenýär, halkara we daşary ýurt sergilerini we ýarmarkalaryny guramak boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky sergilerini taýýarlamak we geçirmek boýunça wezipeler kanunçylyk esasynda onuň üstüne ýüklenendir.

Guramaçylyk komiteti:

sergileri we ýarmarkalary Türkmenistanyň çäginde guramakda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň guramaçylaryna, şeýle hem sergilere we ýarmarkalara gatnaşyjylara ýardam edýär we hemmetaraplaýyn kömek berýär;

sergi we ýarmarka guramalarynyň sanawyny ýöredýär, Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda geçirmek üçin meýilleşdirýän sergileri we ýarmarkalary hasaba alýar;

sergileriň we ýarmarkalaryň sanawyny, şeýle hem ministrlikleriň, pudak edaralarynyň hem-de sergi we ýarmarka guramalarynyň tekliplerini umumylaşdyrýar, Türkmenistanda sergileri we ýarmarkalary geçirmegiň senenama meýilnamasyny işläp taýýarlaýar hem-de ony geljekki senenama ýylyna azyndan 3 aý galanda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna berýär;

sergini ýa-da ýarmarkany guraýjy Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýa-da şu Düzgünnamanyň bozulmagyna ýol beren halatda Guramaçylyk komiteti şol bozulmalar düzedilýänçä serginiň ýa-da ýarmarkanyň işini duruzmaga, ýa-da kararyň kabul edilmegine çenli onuň geçirilmegini gadagan etmäge haklydyr;

sergileri we ýarmarkalary geçirmegiň senenama meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hakynda hem-de Türkmenistanda sergileri we ýarmarkalary geçirmek işini kämilleşdirmek baradaky çäreler hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine yzygiderli habar berýär;

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan öz üstüne ýüklenen beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

 

9. Sergileri we ýarmarkalary hem-de sergi we ýarmarka guramalaryny hasaba almak

Geljek ýylda Türkmenistanyň çäginde ýa-da Türkmenistanyň adyndan daşary ýurtda geçirmek göz öňünde tutulan ähli halkara we milli sergiler we ýarmarkalar hasaba alynmaga degişlidir.

Halkara we milli sergileri we ýarmarkalary hasaba almak üçin guramaçylar iş edarasyna ýüztutma berýär. Ýüztutmany bermegiň möhletini guramaçy kesgitleýär.

 

10. Sergileri we ýarmarkalary geçirmegiň senenama meýilnamasy

Sergileri we ýarmarkalary geçirmegin senenama meýilnamasy Guramaçylyk komiteti tarapyndan işlenip taýýarlanýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlenýär. Senenama meýilnamasynda halkara, milli we halkara yöriteleşdirilen sergiler we ýarmarkalar görkezilýär.

Halkara, ýerli we yöriteleşdirilen sergiler we ýarmarkalar boýunça meýilnamalary düzmegi, olaryn hasabyny ýöretmegi we olar boýunça hasabatlylygy guramaçylar amala aşyrýarlar.

 

11. Sergiler we ýarmarkalar boýunça hasabatlylyk

Halkara we milli sergileriň we ýarmarkalaryň guramaçylary olar tamamlanandan soň 15 günüň dowamynda geçirilen çäre hakyndaky maglumaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermäge borçludyr.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy sergileri we ýarmarkalary geçirmegiň senenama meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň barşy hakyndaky maglumaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine yzygiderli berýär, onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty bolsa geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli berýär.

 

12. Türkmenistanda we daşary ýurtlarda sergileri we ýarmarkalary guramagyn tertibi

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ministrlikleri, pudak edaralary, jemgyýetçilik guramalary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler sergileriň we ýarmarkalaryň guramaçylary bolup biler.

Her bir anyk sergi ýa-da ýarmarka üçin guramaçylar tarapyndan guramaçylyk komiteti döredilýär, şol Komitet sergini ýa-da ýarmarkany taýýarlamaga we geçirmäge guramaçylyk-tehniki we usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar, şeýle hem serginiň ýa-da ýarmarkanyň guramaçysyny kesgitleýär, ol ähli taýýarlyk işlerini ýerine ýetirýär hem-de sergini ýa-da ýarmarkany geçirmegi amala aşyrýar.

Sergini ýa-da ýarmarkany taýýarlamak we geçirmek üçin olaryň guramaçylary taýýarlyk işlerini ýerine ýetirmek we sergi hyzmatlaryny guramak üçin göwnejaý maddy-tehniki serişdelere, şeýle hem hünärli işgärlere we sergi işinde tejribesi bolanlara eýelik edýän ýöriteleşdirilen sergi guramalaryny çekip ýa-da sergini we ýarmarkany öz güýçleri bilen taýýarlaýar we geçirýär.

Sergi we ýarmarka ýörite guramalaryň başlangyjy boýunça geçirilende, serginiň ýa-da ýarmarkanyň guramaçylary olaryň özi bolanda, olaryň çäreleri geçirmegiň maksadalaýyklygy hakynda ministrlikleriň, beýleki döwlet dolandyryş edaralarynyň ýa-da Türkmenistanyň jemgyýetçilik gurluşlarynyň razylygyny almagy gerekdir.

Sergi we ýarmarka işine ähli gatnaşyjylar diplomlar bilen sylaglanýar. Tapawutlanan gatnaşyjylar bellenen derejelendirmä laýyklykda I, II, III orunlar üçin diplomlar bilen sylaglanýar we olara degişli şahadatnamalar gowşurylýar.

 

13. Türkmenistanda daşary ýurt sergilerini we ýarmarkalaryny geçirmegiň aýratynlyklary

Halkara şertnamalaryna ýa-da ylalaşyklaryna laýyklykda Türkmenistanyň çäginde guralýan daşary ýurt döwletleriniň ýa-da halkara guramalarynyň sergileri we ýarmarkalary şol şertnamalarda ýa-da ylalaşyklarda göz öňünde tutulan şertlerde geçirilýär.

 

14. Gümrük gözegçiligi

Sergilere we ýarmarkalara hödürlenýän harytlara bildirilýän talaplar:

Sergilere we ýarmarkalara hödürlenýän harytlara (mundan beýläk - sergi we ýarmarka harytlary) we olar üçin üpjünçilik önümleri önüm üçin standartlaryň talaplaryna ýa-da hile bolan talaplary ýaramazlaşdyrmaýan beýleki şertlere laýyk gelmelidir, şeýle hem howpsuzlygyň, senagat sanitariýasynyň we ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny kanagatlandyrmalydyr.

Ähli sergi we ýarmarka harytlary üçin gelip çykyş güwänamasy we laýyklyk güwänamasy ýa-da harydyň hilini tassyklaýan beýleki resmi namalar berilýär. Güwänamalar degişlilikde deslapdan döwlet diline ýa-da resmi dile terjime edilmelidir we terjimeleriň nusgalaryna notarial taýdan güwä geçilen bolmalydyr.

Intellektual eýeçiligiň obýektlerini (oýlap tapyşlar, peýdaly nusgalar, senagat nusgalyklary, haryt nyşanlary, fırma ady, harytlaryň gelip çykyş ýerleriniň ady we başgalar) özünde jemleýän eksponatlaryň sergä ýa-da ýarmarka iberilmegine çenli, gatnaşyjylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olary goramak boýunça çäreleri amala aşyrmalydyr.

Sergide ýa-da ýarmakada görkezmek üçin Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlarda olaryň guraýjynyň çakylygy, sergä ýa-da ýarmarka gatnaşmak üçin guraýjy bilen baglaşylan şertnama, sergini ýa-da ýarmarkany guraýjy tarapyndan berlen başga tassyknama esasynda anyk sergi ýa-da ýarmarka üçin niýetlenendigi beýan edilýär.

 

15. Şu Düzgünnamanyň hereket ediş çygry

Şu Düzgünnama Türkmenistanyň çäginde sergiler we ýarmarkalar, şeýle hem Türkmenistanyň adyndan daşary ýurtda sergi işi bilen meşgullanýan ýurdumyzyň we daşary ýurtly edara görnüşli taraplaryň we hususy telekeçileriň hemmesine degişlidir.

Şu Düzgünnama sungat eserleriniň sergilerini we beýleki döredijilik sergilerini guramaga we geçirmäge degişli däldir.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda sergileri we ýarmarkalary guramagyň we geçirmegiň başga kadalary bellenen bolsa, halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2008-nji ýylyň iýul aýynyň 21-ne

çykaran 9913 karary bilen

tassyklandy

Sergilere we ýarmarkalara gatnaşyjylary sylaglamak barada

T E R T I P

 

1. Umumy şertler

Şu Tertip Türkmenistanda sergilere we ýarmarkalara gatnaşyjylary sylaglamagyň umumy hukuk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.

Sergi we ýarmarka işine ähli gatnaşyjylar diplomlar bilen sylaglanylýar.

Sergi we ýarmarka işiniň tapawutlanan gatnaşyjylary I, II we III orunlar üçin diplomlar bilen sylaglanýar we olara şu tapawutlandyrmalar boýunça şahadatnamalar gowşurylýar:

häzirki zaman taslamalaryny, tehnologiýalaryny we täze işläp taýýarlamalaryny önümçilige ornaşdyrandygy üçin,

Türkmenistanyň kärhanalaryny döwrebap tehnika bilen enjamlaşdyrmaga ýardam edendigi üçin,

bäsdeşlige ukyply önüm öndürendigi we ýerleşdiriş bazarlaryny özleşdirendigi üçin,

ýurdumyzyň iň gowy harydy üçin,

sergi ekspozisiýasynyň we mahabat materialynyň iň gowy bezegi üçin.

Diplomlar bilen sylaglamak bäsdeşligiň netijeleri boýunça geçirilýär.

Bäsdeşligi serginiň ýa-da ýarmarkanyň Guramaçylyk komiteti yglan edýär.

Bäsdeşlik hakyndaky maglumat sergi we ýarmarka çäresine gatnaşmak üçin ýüztutmada ýerleşdirilýär.

Bäsdeşlige sergi we ýarmarka çäresine gatnaşyjylar (eksponentler) hökmünde hasaba alnan edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler gatnaşyp biler.

Bäsdeşlige hödürlenen taslamalaryň, tehnologiýalaryň, işläp taýýarlamalaryň, önümleriň, harytlaryň we materiallaryň beýany sergi we ýarmarka çäresine gatnaşmak üçin ýüztutmany bermek bilen bilelikde berilmelidir. Ýüztutmanyň ýanyna bäsdeşlige hödürlenen taslamalaryň, tehnologiýalaryň, işläp düzmeleriň, önümleriň, harytlaryň we materiallaryň her bir görnüşi üçin resmi namalaryň bukjasy goşulýar. Sergä we ýarmarka gatnaşyjylar bäsdeşlige gatnaşmak üçin ýüztutmada görkezilen maglumatlarynyň dogrulygy üçin jogapkärçilik çekýär.

 

2. Bäsdeşligi geçirmegiň tertibi

Bäsdeşlige hödürlenen nusgalyklara Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan döredilen bäsdeşlik topary baha berýär.

Bäsdeşlik toparynyň düzümini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy tassyklaýar.

Bäsdeşlige hödürlenen eksponatlara, taslamalara, tehnologiýalara, işläp taýýarlamalara baha bermek serginiň işleýän wagtynda bäsdeşlik topary tarapyndan bäş bally tapawutlandyrma boýunça geçirilýär. Bäsdeşlige hödürlenen her bir nusgalyga bäsdeşlik toparynyň azyndan üç bilermeni tarapyndan baha berilmelidir.

Bäsdeşlik topary bäsdeşligiň ýeňijilerini kesgitleýär we ýenijileri sylaglamak hakynda çözgüt kabul edýär. Bäsdeşlik toparynyň çözgüt kabul etmek hakyndaky teswirnamasy sylaglamak üçin esas bolup durýar.

Bäsdeşlik toparynyň işiniň kadalaryny Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy kesgitleýär.

 

3. Bäsdeşlik eksponatlaryna baha bermek

Bäsdeşligiň netijeleri boýunça iň gowy ylmy-tehniki, ykdysady we maliýe görkezijileri bolan işläp taýýarlamalar aşakda görkezilen talaplara laýyk gelmegi esasynda kesgitlenýär:

halkara standartlaryna, ölçeglerine we kadalaşdyrmalaryna laýyk gelmegi;

Türkmenistanda, daşary ýurtlarda isleg bildirilmegi (önüm ibermegiň geografıýasy, möçberi);

enjamlaryň, tehnologiýalaryň, işläp taýýarlamalaryň täze baş ýörelgesi;

ulanmakda uniwersallygy;

tehnologik täzeçillik we döwrebaplaşdyrmak mümkinçiligi;

intellektual eýeçiligiň ýagdaýy, bazaryň ösüşi we maliýe görkezijileri;

önümiň gymmaty, bahanyň we hiliň ähmiýeti boýunça meňzeşlere bolan gatnaşygy;

enjamy ulanmagyň bahasynyň arzanlamagy;

önümçiligiň tehnologik ulgamlarynyň işini gowulandyrmak;

önümi buýruja bermegiň şertleri (tehniki taýdan hyzmat etmek, maslahat bermek, kepillikler, peýdalanyjylar üçin gollanmalaryň bolmagy, abatlamagy guramak, ätiýaçlyk şaýlary ibermek we ş.m.);

önümçilik infrastrukturasyna, serişde binýadyna, ekologik şertlere täsiri;

ekspozisiýalary, eksponatlary, mahabat materialyny bezemek, onuň dizaýny;

halkara, milli we ýöriteleşdirilen sergilere gatnaşmak, mynasyp bolnan sylaglar, diplomlar, şahadatnamalar.

Bäsdeşlik topary sergi we ýarmarka çärelerine gatnaşyjylara baha bermek we mowzukdan ugur alyp, başga görkezijiler boýunça baha bermek hukugyna eýedir.

 

4. Diplomlary we şahadatnamalary gowşurmak

Türkmenistanda sergi we ýarmarka işine gatnaşyjylaryň diplomlary we şahadatnamalary ISO 9001:2000 we IONet halkara ölçegi boýunça güwälendirildi.

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, onuň abraýynyň we dünýädäki täsiriniň ösüşine gönükdirilen ylmy-tehniki ösüşiň, durmuş-medeni çygryň ösdürilmegine ýardam edýän iş üçin her bir derejelendirme boýunça Türkmenistanda sergi we ýarmarka işine gatnaşyjylaryň bäsdeşliginiň jemleri boýunça sylaglaryň şu görnüşleri bellenýär:

I orun üçin diplom;

II orun üçin diplom;

III orun üçin diplom.

Sergi we ýarmarka çärelerine gatnaşyjylara diplomlar we şahadatnamalar şol çäreleriň ýapylmagyna bagyşlanan dabarada gowşurylýar.

Diplomlardaky ähli ýazgylar Türkmenistanyň döwlet dilinde we iňlis dilinde ýazylýar.

Diplomlarda we şahadatnamalarda hökmany tertipde eksponentiň ady, diplomyň derejelendirmesi, guramaçylar, serginiň we ýarmarkanyň ady, geçirilen möhleti we ýeri görkezilýär.