Goods for the exhibition

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäklerinde geçiriljek Halkara segisinde görkezmek üçin Türkmenistanyň gümrük çägine getirilip, bu çäreleriň dowamynda sarp edilýän we muzdsuz paýlanylýan harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin zerur bolan resminamalar

1. Halkara sergisini guraýjy tarapyň çakylygy, sergä gatnaşmak üçin guraýjy bilen baglaşylan şertnama, sergini guraýjy tarapyndan berlen başga tassyknama;

2. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan berilýän Halkara sergisinde görkezmek üçin Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlaryň bu çäreleriň dowamynda sarp edilýändigi we muzdsuz paýlanylýandygy barada resmi hat;

3. Harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen baglanyşykly geleşikleriň amala aşyrylmagyny tassyklaýan hasap-faktura;

4. Ýükläp ugradyş we gaplaýyş listleri;

5. Harytlaryň gelip çykyşyny tassyklaýan resminamalar;

6. Harydyň ýany bilen iberilýän ulag (daşaýyş) resminamalary;

7. Gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümler üçin iberiji ýurduň weterinariýa edaralary tarapyndan berlen güwänama;

8. Gelip çykyşy ösümlikden bolan önümler üçin iberiji ýurduň Ösümlikler boýunça karantin gullugynyň beren fitosanitar sertifikaty;

9. Esaslandyryş resminamalary:

a) ýuridik şahs üçin:

- esaslandyryş resminamasy;

- ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi.

- daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň şahadatnamasy;

b) hususy telekeçi üçin:

- bellige alyş şahadatnamasy;

- patent;

10. Ygtyýarly wekil üçin:

- ýuridik şahsyň wekilçilik edýän işgärine ynanç haty;

- hususy telekeçiniň zähmet şertnamasy boýunça wekilçilik edýän işgärine ynanç haty;

- şahsyýetini tassyklaýan resminama;

11. Bellenen tertipde doldurylan ýük gümrük deklarasiýasy.

 

Bellik:

* Bu çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin getirilýän harytlar Türkmenistanyň çägine gelip gowşanda, gümrük taýdan resmileşdirmek işler ileri tutma tertibinde ýerine ýetirilýär. Şunda, serhetýaka gümrük edarasy tarapyndan bu harytlar gümrük serhedinden ýeňillikli, ýönekeýleşdirilen tertipde geçirilýär we gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýerleşýän Gullugyň Balkan welaýat gümrükhanasynyň «Beýik Türkmenbaşy» gümrük nokadyna iberilýär.

** Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 17-nji iýulyndaky 2348-nji Kararynyň 11-nji bendine laýyklykda, Halkara sergisinde görkezmek we çärelerde ulanmak üçin Türkmenistana getiriljek we yzyna alnyp gidiljek harytlary, enjamlary we esbaplary hem-de beýleki önümleri gümrük töleglerden boşadylýar;

*** Harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek üçin Gümrük dellalynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz! Gümrük dellallarynyň Sanawy Baş sahypada ýerleşdirilen.