Customs Service News

Ýylyň jemi boýunça ýygnanyşyk
9 Jan
Ýylyň jemi boýunça ýygnanyşyk

Şu gün Gullugyň başlygy polkownik D.Baýramow ýygnanyşyk geçirdi, onda geçen 2015-nji ýylda Gullugyň işiniň jemleri jemlendi, şeýle hem 2016-njy ýyl üçin ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlendi. Gün tertibine laýyklykda Gümrükhanalaryň we degişli gümrük postlarynyň başlyklary ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler. Ýygnanyşykda 2015-nji ýylda gümrük edaralary tarapyndan saklanan gadagan edilen harytlary beýan edýän forosuratlaryň hem-de 2016-njy ýylyň 7-nji ýanwaryndan başlap işe girizilen Gullugyň internet saýtynyň täzelenen görnüşiniň görkezilişi boldy.

Şeýle-de ýygnanyşygyň barşynda işinde oňat netijeleri görkezen harby gullukçylary Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda, gümrük kadalarynyň bozulamalaryna garşy göreşmekde we kontrabandanyň öňüni almakda gulluk işinde görkezen aýratyn netijeleri üçin 2015-nji ýylyň iň göreldeli harby gullukçysy diýen sylaglar we Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy.