News

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
29 Jan
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

28-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.

Hazar sebiti boýunça goňşy bolmak bilen, iki ýurt hem Hazar deňziniň meselesiniň has oňyn çözgüdini tapmakda strategik hyzmatdaşlar bolup durýar. Şu günler Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparyň nobatdaky, 43-nji mejlisiniň geçirilýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Gönüden-göni ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňe geçmek bilen, milli Liderimiz we Russiýanyň daşary işler ministri iki dostlukly ýurduň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler we  ozal gazanylan ylalaşyklary, şol sanda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň geçen ýylyň  noýabr aýynda Tähranda geçirilen gazy eksport edýän ýurtlaryň  forumyna gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň sammitiniň barşynda bolan duşuşygynyň çäklerinde  gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Bellenilişi ýaly, durmuş-ykdysady ösüşiň umumy wezipelerine we ileri tutulýan ugurlaryna daýanmak bilen, Türkmenistan we Russiýa döwletara gatnaşyklarynyň wajyp şertnamalaýyn-hukuk binýalyny emele getirdiler. Ol häzirki döwürde ähli pudaklarda netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. 

Türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň işjeň strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz we myhman iki dostlukly ýurduň bähbidine laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçy düzümine Türkmenistana sapar bilen gelip görmäge bolan çakylygyny tassyk etdi.