News

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary hünär baýramçylygy bilen gutlady
28 Jan
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary hünär baýramçylygy bilen gutlady

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 24 ýyllygyna hem-de Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Dabara gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk arkaly şanly sene bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öz Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna örän jogapkärli wezipäni—ata Watanymyzy goramagy ynanandygyny nygtady.  Şoňa görä-de, siz hemişe harby borjuňyzy ak ýürek bilen berjaý edip, Watana we harby kasama wepaly bolmagyň belent nusgasyny görkezmelisiňiz. Mähriban halkymyzyň Watany söýmek, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly belent häsiýetlerini mynasyp dowam etmelisiňiz diýip, milli Liderimiz belledi. 

Milli Liderimiz ähli harby gullukçylary ýurdumyzda giňden bellenýän  Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 24 ýyllyk baýramy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes harby gullugy berjaý etmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.