News

Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetara toparynyň mejlisinden
1 Feb
Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetara toparynyň mejlisinden

30-njy ýanwarda paýtagtymyzda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk we milli hem-de umumy bähbitler esasynda ýola goýulýan gatnaşyklara daýanýan daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, garaşsyz bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we ylalaşygyň berkidilmeginiň, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň bähbidine Hazarýaka döwletleriniň neitijeli gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny ugur edinýär. 

Biziň ýurdumyz daşky gurşawy goramak babatda öňdäki orunlary eýeleýär we bar bolan ekologiýa meselelerini goňşy ýurtlar, Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlar, şeýle hem abraýly halkara guramalary, ýöriteleşdirilen düzümler bilen ýygjam aragatnaşykda çözmäge hem-de olaryň öňünii almaga täze çemeleşmeleri öňe sürýär. 

Halkara bilermenleriniň kesgitlemegine görä, Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa taýdan has amatly hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňden görüjilikli döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzda ykdysadyýetiň senagat pudaklaryny ekologiýa taýdan pugtalandyrmak, umumy ykrar edilen kadalary we hukuk ülňülerini nazara almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. 

Şol gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän çäreler döwletimiziň köpugurly ekolgiýa syýasatynyň giňden wagyz edilmegine,  halkara hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we giňeldilmegine, ekologiýa ulgamynyň, iri suw howdanynyň biologik köpdürlüliginiň we baýlyklarynyň saklanmagynyň hem-de ygtybarly goralmagynyň bähbidine tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilýär.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň deňiz ulag düzüminiň ösdürilmegi we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň çäginiň giňeldilmegi bilen Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Şeýle hem gojaman Hazaryň bioköpdürlüligini goramak hem-de saklamak boýunça geljekki çäreler toplumyny kesgitlediler.