News

Türkmenistanyň Prezidenti konstitusion toparyň mejlisini geçirdi
3 Feb
Türkmenistanyň Prezidenti konstitusion toparyň mejlisini geçirdi

2016-njy ýylyň 2-nji fewralynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky konstitusion toparyň mejlisi geçirildi. 

Mejlisi açyp we onuň gün tertibini yglan edip, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmegiň örän möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şu wezipeden ugur alyp, biz Esasy Kanunymyzy dünýä ölçeglerine we döwrüň talaplaryna laýyk getirmek üçin 2014-nji ýylda konstitusion özgertmeleri geçirip başladyk diýip belledi. Häzire çenli bu ugurda köp işer edildi. Bu işler häzir hem dowam edýär. 

Geçirilen bu işleri nazara alyp, biz şu gün ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek bilen bagly esasy meseleleri ýene-de bir gezek ara alyp maslahatlaşmagy makul bildik diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow konstitusion toparyň agzalaryna çykyş etmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti konstitusion toparyň agzalarynyň çykyşlaryny diňläp, olara maksatnamalaýyn çykyş bilen ýüzlendi we ýurdumyzyň Esasy Kanunyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan maksatlary hem-de wezipeleri barada durup geçdi. 

Şunda hormatly Prezidentimiz konstitusion toparyň garamagyna Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň hödürlenýändigini belledi. Bu taslamada Toparyň öňki mejlislerinde agzap geçen tekliplerimiz hem göz öňünde tutuldy. Eger-de, siz makullasaňyz, onda bu taslamany ähli halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlemeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Taslama çap edilenden soň gelip gowuşjak teklipleri ýene-de bir gezek doly öwrenmeli we Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny işläp taýýarlamaly. Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşiniň gutarnykly işlenip taýýarlanan taslamasyny bolsa, Ýaşulularyň şu ýyl Aşgabatda geçiriljek maslahatynda Mejlisiň deputatlarynyň kabul etmegi üçin hödürlemeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny  kämilleşdirmek boýunça konstitusion toparyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taslamasyny makullamak we ähli halkyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlemek hakyndaky” Karara gol çekdi.