News

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
4 Feb
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2016-njy ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Sultan ogly Zeýnalowy kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça  ösdürmegiň geljegi hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Döwlet Baştutanymyz we ilçi söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde netijeli işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Gadymy döwürlerden bäri Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen baglanyşýan iki goňşy döwletleriň  amatly ýerleşmegi guryýer we deňiz ugurlary boýunça ýük daşamagyň oňat  çykalgasyny we olaryň halkara ulag düzümine goşulyşmagyny üpjün edýän yklymüsti ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi boýunça täze taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmek üçin oňyn mümkinçilikleri şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyz we dostlukly ýurduň Doly ygtyýarly ilçisi Işewür gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmegine ýardam üpjün edýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna bu ugurda möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hem-de Azerbaýjanyň ilçisi Hasan Sultan ogly Zeýnalow döwletara gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp,  iki doganlyk halklaryň bähbidine berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam  bildirdiler.