News

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinden
7 Feb
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinden

2016-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň ilkinji aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we ýolbaşçylar bilen bagly käbir meselelere seredildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň gün tertibini yglan edip, hormatly Prezidentimiz işgärler boýunça ähli degişli resminamalara gol çekdi. Soňra gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýeriň beren hasabatyna görä, şu ýylyň ýanwar aýynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işleriniň netijeleri hakyndaky maglumatlara laýyklykda, öndürilen önümleriň ösüş depgini 103,4 göterime deň boldy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy. 

Wise-premýer Türkmenistanyň standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, Degişli kadalaşdyryş namany kämilleşdirmek maksady bilen, çäreler durmuşa geçirilýär. 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda güýje giren “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalara laýyklykda eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda sertifikatlaşdyrmaga degişli önümleriň Sanawyny tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, makroykdysady görkezijileriň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň we özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz sertifikasiýalaşdyrmak ulgamynda Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň meselelerine ünsi çekip, bazar gatnaşyklary şertlerinde bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek, hususy pudagyň maýalaryny işjeň çekmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ägirt uly ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz hödürlenen taslamany makullap, degişli Karara gol çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini talaba laýyk dolandyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şoňa görä-de, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri has köp öndürmegi ýola goýmaly, özümizde öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberini artdyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmeli we bu ugurda kabul eden Döwlet maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmegi dowam etmeli diýip, milli Lideriimz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwleti dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän özgertmeleri çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. 

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.